Sena derýasyndan seýrek midiýalaryň DNK-sy tapyldy: bir midiýa bir günde 40 l suw süzýär

  • 07.02.2025 11:13
  • 7.6k+

Ýüzmek boýunça Olimpiýa ýaryşlary geçirilenden soň alymlar Parižiň (Fransiýa) Sena derýasynyň suwunyň arassalanýandygyny görkezýän möhüm alamatlary ýüze çykardylar. The Guardian neşiriniň ýazmagyna görä, Sena derýasynyň suwunda seýrek duş gelýän midiýalaryň DNK-sy tapyldy.

Her bir midiýa günüň dowamynda 40 litre çenli suwy süzüp bilýär. Alymlar midiýalaryň derýada peýda bolmagyny suwuň hiliniň gowulaşýandygynyň alamatydygyny aýdýarlar we tebigy arassalanma prosesine goşant goşýandygyny belleýärler.
Şeýle hem alymlar şäheriň yşyklandyryşynyň biologik dürlüligiň ösüşine ýetirýän täsirini öwrenmek üçin geçirilen gözlegiň dowamynda, derýada 23 görnüşli midiýanyň DNK-synyň yzlaryny tapdylar. Olaryň arasynda ýitip gitmek howpy abanýan 3 görnüş bar. Mundan başga-da, gözleg Sena derýasynda 36 dürli görnüşli balygyň ýaşaýandygyny görkezdi. Bu bolsa 1960-njy ýyllar bilen deňeşdirilende 10 esse köpdür.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....