Žýulýet Binoş 78-nji Kann kinofestiwalynyň emin agzalarynyň başlygy bolar

  • 06.02.2025 20:48
  • 3.5k+

Fransiýaly aktrisa Žýulýet Binoş 78-nji Kann kinofestiwalynyň emin agzalarynyň başlygy bellendi. Festiwal 2025-nji ýylyň 13-nji maýyndan 24-nji maýy aralygynda geçiriler diýip, guramaçylar habar berýär.

“1985-nji ýylda men ilkinji gezek ýaş aktrisanyň ruhubelentligi we tolgunmasy bilen Festiwal köşgüniň basgançagyndan ýokary galdym. Men ýene 40 ýyldan emin agzalarynyň başlygy hökmünde gaýdyp gelerin diýip göz öňüne-de getirip bilmeýärdim. Men bu uly hormata we jogapkärçilige ýokary baha berýärin” – diýip, aktrisa belledi.

60 ýaşly Binoş özüniň ilkinji roluny Andre Teşinäniň “Duşuşyk” (Свидание) filminde ýerine ýetirdi, bu filmiň premýerasy 1985-nji ýylda Kann festiwalynda boldy. 2010-njy ýylda bu festiwalda aktrisa eýranly režissýor Abbas Kiarostaminiň “Dogry göçürme” (Копия верна) filminde iň gowy zenan keşbi üçin baýraga mynasyp boldy. Şeýle-de, ol “Iňlis hassasy” (Английский пациент) filminde şepagat uýasynyň keşbi üçin “Oskar” baýragynyň eýesidir.
Binoş jemi 70-den gowrak filmde surata düşdi. Ol Mihael Haneke, Dewid Kronenberg, Abbas Kiarostami, Abel Ferrara, Oliwýe Assaýas, Leos Karaks, Kler Deni ýaly meşhur režissýorlar bilen hyzmatdaşlyk etdi.
Festiwaly gurnaýjylar Binoşyň dünýä kinematografiýasy üçin ähmiýetini belläp, ony “öz sungatyna we döwrüne wepadarlygyň idealy” diýip atlandyrdy.
Geçen ýyl Kann kinofestiwalynyň emin agzalarynyň başlygy amerikaly režissýor Greta Gerwig boldy. Ol 1966-njy ýyldan, bu wezipäni 31 ýaşly Sofi Loren eýeländen bäri iň ýaş başlyk boldy. 77-nji festiwalyň ýeňijisi Şon Beýkeriň “Anora” filmidir.


şu gün 08:26
3k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
953

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....