ABŞ-da adamlara doňzuň böwregini oturtmak boýunça synaglara rugsat berildi

  • 06.02.2025 12:49
  • 8.8k+

ABŞ-nyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline sanitar gözegçiligi boýunça edarasy doňuzlaryň böwregini adamlara oturtmak boýunça kliniki synaglaryň geçirilmegini makullady. The Washington Post neşiriniň habar bermegine görä, şeýle ygtyýarnamany United Therapeutics we eGenesis kompaniýalary aldy.

Synaglaryň birinji tapgyryna böwrek nogsanlygynyň ahyrky tapgyry bolan alty hassa gatnaşar. Geljekde gatnaşyjylaryň sany 50-ä çenli artdyrylyp bilner.
Birinji operasiýa 2025-nji ýylyň ortasyna meýilleşdirilýär we United Therapeutics kompaniýasy tarapyndan geçiriler. Ýene üç transplantasiýany eGenesis kompaniýasy amala aşyrar.
Transplantasiýa üçin ulanylýan organlar genetiki taýdan üýtgedilen doňuzlardan alnar. Ylmy barlag şeýle böwrekleriň adamlar üçin näderejede howpludygyny we netijelidigini görkezmeli.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......