Dubaýda 545 mln dollara üsti ýapyk botanika bagy bilen özboluşly desga gurlar

  • 06.02.2025 12:46
  • 8.2k+

Dubaýda “Dubaýyň termalary” ady bilen täze özboluşly desganyň gurluşygy başlar. Bahasy 2 mlrd BAE dirhamy (takmynan, $545 mln) bolan toplum şäheriň merkezindäki Zaabel seýilgähinde ýerleşdiriler.

100 metr beýiklikdäki desga suw-sagaldyş merkezini, akwaparky we üsti ýapyk botanika bagyny birleşdirer. Dubaýyň hökümetiniň metbugat gullugy Dubai Media Office-iň maglumatlaryna görä, ol şeýle formatda dünýäde iň ulusy bolar.
Desganyň açylyşy 2028-nji ýyla meýilleşdirilýär we her ýyl bu ýere 1,7 mln töweregi adamyň gelip görmegine garaşylýar.
Termalar (latynça, thermae – grek dilindäki therme – ýylylyk, yssy) diýlip gadymy döwürde gyzgyn, ýyly we sowuk hammamlardan başga-da, bug otaglaryny, sport, ýygnanyşyk üçin zallary öz içine alýan jemgyýetçilik hammamlary atlandyrylypdyr.  


şu gün 16:40
970

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
5.9k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......