Belarus studiýasy emeli aň tarapyndan döredilen doly metražly multfilmi hödürledi

  • 06.02.2025 13:10
  • 6.1k+

Belarusyň kinoteatrlarynda ýurtda emeli aňyň kömegi bilen döredilen ilkinji doly metražly multfilmiň premýerasy boldy. “Arteki” studiýasynyň “Belowež gür tokaýlygy” (Беловежская пуща) animasion lentasy tomaşaçylaryň arasynda dürli seslenme döretdi, ýöne oňa ilkinji dynç günleri 10 654 adam tomaşa etdi.

Studiýanyň ýolbaşçysy Oleg Atýakşew şeýle taslamalaryň animasion pudak üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy.

“Eger biz animasiýany “nusgawy” wideo önümçilikde bolşundan has çalt döredip bilýän bolsak, muny etmeli” – diýip, ol belleýär.

Multfilmiň 2024-nji ýylyň dekabrynda görkezilen treýleri hem Belarusda, hem daşary ýurtlarda uly gyzyklanma döredip, 20 milliondan gowrak tomaşa ýygnady. Tomaşaçylaryň pikirleri tapawutlandy, ýöne bu taslama bolan gyzyklanmany barha artdyrdy.

“Kimdir biri tankytlady, kimdir biri, tersine, treýlere uly ruhubelentlik we gyzyklanma bilen garady. Şeýle ýagdaý bize uly ekranlara çykmaga kömek etdi” – diýip, studiýanyň wekilleri belleýär.

Köp tomaşaçylar lentanyň aýdym-saz bezegini öwýär, ýöne sýužetiň gowşaklygyny we wizual babatda meseleleriň bardygyny belleýär.

“Artykmaçlyklary: gowy aýdym-saz. Kemçilikleri: yzarlamasy kyn düşýän gowşak sýužet. Gahrymanlaryň maksatlary käwagt düşnüksiz. Wizual düzüjiler erbet. Kä personaž kadrdan kadra üýtgeýär, käte gaharly wagty gülýär, käte gürlände agzyny ýapmaýar” – diýlip, synlaryň birinde aýdylýar.


şu gün 22:06
98

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......