Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

  • 06.02.2025 10:23
  • 14k+

5-nji fewralda  Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi.

Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli açylyp ulanmaga berlen gulluk we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar barada hasabat berildi.
Baş prokuror B.Muhamedow ýurdumyzda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçiligi amala aşyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, sanly ulgamy has giňden ornaşdyrmaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, prokuratura edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga zerur ähmiýet berilýändigi aýdyldy.
Içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýanwar aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, kanun bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem bu düzümleri öňdebaryjy tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek, sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, ýol hereketiniň, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, hususan-da, milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işde sanly tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagyna, kazylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Milli howpsuzlyk ministrligini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň dowamynda ministrligiň düzüminde açylyp ulanmaga berlen täze, döwrebap edara binasy we ýaşaýyş jaýlary barada aýdyldy.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýylyň başyndan bäri Watanymyzyň mukaddes serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça görlen çäreler, serhetçileriň netijeli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňyn şertleri döretmek babatda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar aýynda milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, ony döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanynyň garamagyna Adalat ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň adalat edaralarynyň edara binalaryny gurmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça görlen çäreler, döwlet Baştutanynyň gullugyň işini kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň öňünde durýan möhüm wezipeleri netijeli çözmek babatda görlen anyk çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýat müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň täze edara binasynyň açylyp ulanmaga berlendigi barada aýdyldy.
Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.


şu gün 12:28
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-nde Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

15-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, aýratyn-da, medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler...

şu gün 12:24
979

Türkmenistan BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy

14-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň (UNAOC) 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy...

şu gün 11:58
3.7k+

Türkmenistan Owganystan boýunça Tähranda geçirilen maslahatlara gatnaşdy

Türkmenistan 14-nji dekabrda Tähranda Owganystan boýunça geçirilen ýokary derejeli sebit duşuşygyna gatnaşdy. Maslahatyň esasy maksady — ýurtdaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin sebitara çemeleşmeleri utgaşdyrmakdan ybarat boldy...

düýn 16:59
2.9k+

Türkmenistan San-Tome we Prinsipi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistan resmi taýdan San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Teswirnamana gol çekmek dabarasy 11-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirildi...