Gazagystanda AgiBot-yň emeli aňly robotlarynyň önümçiligi ýola goýlar

  • 06.02.2025 10:02
  • 1.7k+

Hytaýyň AgiBot kompaniýasy Gazagystanda adama meňzeş robotlaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Robotlaşdyrylan ulgamlary işläp taýýarlamak we türgenleşdirmek üçin bilelikdäki kärhananyň we “maglumatlar fabrikasynyň” döredilmegine garaşylýar diýip, Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministrliginiň metbugat relizinda habar berilýär.

Gazagystanyň ministrligi bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde kompaniýa robotlary öndürmek we emeli aň pudagynda çözgütleri durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki kärhanany açmagy meýilleşdirýär.
AgiBot 2023-nji ýylyň fewral aýynda döredildi we umumy maksatly robotlaryň önümçiligine ýöriteleşýär. 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Şanhaýda önümçilik 1000 birlige ýetdi. Kompaniýa EA we robototehnika ugrunda tehnologiýalary işjeň ösdürip, senagatdan başlap, öý zerurlyklaryna çenli dürli ugurda çözgütleri hödürleýär.
Gazagystan önümçiligi lokallaşdyrmak we mümkin bolan eksport üçin ilkinji ýurt hökmünde saýlandy. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde robotlary we robotlaşdyrylan ulgamlary türgenleşdirmek üçin niýetlenen “maglumatlar fabrikasyny-da” işe girizmek meýilleşdirilýär.


28.05.2026 17:08
5.9k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......

25.05.2026 16:14
5.4k+

2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär....

16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......