Salwadorda bitkoin töleg serişdeleriniň hataryndan aýryldy

  • 06.02.2025 09:29
  • 2.5k+

30-njy ýanwarda Salwadoryň Parlamenti bitkoin baradaky kanuna üýtgetmeleri tassyklap, onuň resmi walýuta statusyny aýyrdy. Öň şeýle status satyjylary ABŞ dollary bilen bir hatarda töleg hökmünde aktiwleri kabul etmäge borçlandyrýardy diýip, Investing.com habar berýär.

Bu çözgüt ýurt 2021-nji ýylda dünýäde ilkinji bolup bitkoini döwlet derejesinde kabul edenden soň, garaşylmadyk öwrüm boldy. Häkimiýetler şeýle çözgüdi Halkara pul gaznasynyň basyşy astynda kabul etdi. Gurama 1,4 mlrd dollar karzyň deregine bitkoin bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmagy talap etdi. Şertlere görä, üýtgetmeler ýanwar aýynyň ahyryna çenli güýje girmelidi.
Indi kriptowalýuta bilen hasaplar meýletin boldy. Walýuta statusynyň aýrylmagy ony salgyt tölegi üçin ulanmagy-da gadagan edýär.
Ýurduň Prezidenti Naýib Bukele bitkoini ykdysady ösüşiň guraly hökmünde işjeň öňe sürüpdi. Ýöne 2022-nji ýylyň pikir soraşmalary ilatyň 91,7%-iniň haýsydyr bir gowulaşma duýmandygyny görkezdi. Tersine, 2024-nji ýylda Merkezi bankyň gözlegi garyplaryň sanynyň 55 000 adam köpelendigini ýüze çykardy.
Häkimiýetler Chivo gapjygyny ýatyrsa-da, kriptowalýuta başlangyçlaryny ösdürmegi dowam etdirer. Şol bir wagtyň özünde hökümet mundan beýläk-de BTC-e maýa goýmak, maýa goýumlary çekmek üçin kanunlary işläp taýýarlamak, şeýle-de ilata kriptoaktiwleri ulanmagy öwretmek üçin bilim maksatnamalaryny döretmek isleýär.


06.02.2026 09:27
2.5k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.2k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.9k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...