Türkmen wekiliýeti Budapeştde okuw maslahatynda brusellýoza garşy göreş usullaryny öwrenýär

  • 05.02.2025 16:22
  • 6.2k+

2025-nji ýylyň 4-6-njy fewraly aralygynda Budapeştde (Wengriýa) BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) tarapyndan guralan sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär. Okuw maslahaty Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynda brusellýoza garşy tapgyrlaýyn göreş meselelerine bagyşlanýar.

Okuw maslahatyna sebitdäki 8 ýurtdan weterinariýa we saglygy goraýyş hünärmenleri gatnaşýar. Türkmenistandan bu çärä Oba hojalygy ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilermenlerinden düzülen wekiliýet gatnaşýar.
Brusellýoz maldarçylykda esasy howplaryň biri bolup, onuň öňüni almak we oňa gözegçilik etmek üçin toplumlaýyn çemeleşme zerur bolup durýar. Kesele garşy göreşmegiň möhüm ugry «Bitewi saglyk» konsepsiýasyna esaslanýar. Bu çemeleşme haýwanlaryň we adamlaryň saglygyny bilelikde goramak maksadyny öz içine alýar. Bruselýoz keseliniň sebit boýunça giňden ýaýranlygyny we serhetara häsiýetini göz öňünde tutup, oňa garşy netijeli göreşmek üçin sebitleýin çemeleşmäniň ähmiýeti uludyr.
FAO we ABŞ-nyň Keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri (CDC) okuw maslahatynda iki esasy guraly hödürlediler: Brusellýoz bilen tapgyrlaýyn göreşmek üçin SAPCB usuly we brusellýozy ýok etmek üçin STEB guraly. Bu serişdeler ýurtlara brusellýozyň öňüni almak we ony ýok etmek boýunça mümkinçiliklerini seljermäge kömek edýär.
Okuw maslahatynyň esasy maksatlaryna brusellýozy dolandyrmak usullary boýunça çykyşlar, STEB guralynyň öz-özüňi bahalandyrmak üçin ulanylyşy barada maslahatlar we brusellýoza garşy göreşmek üçin milli strategiýalary we meýilnamalary taýýarlamakda esas bolup hyzmat etjek milli hasabatlaryň işlenip düzülmegi girýär. Bu barada TmCars-a okuw maslahatyna gatnaşýan Döwlet weterinariýa gullugynyň wekilleri habar berdi.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......