Öz-özüni bejerýän asfalt döredildi: ol emele gelen jaýryklary özbaşdak ýapýar

  • 05.02.2025 15:51
  • 9.7k+

Londonyň patyşalyk kollejiniň (KCL) hem-de Uelsdäki Suonsi uniwersitetiniň barlagçylary, Çiliden we Google Cloud-dan alymlar bilen hyzmatdaşlykda, wagtyň geçmegi bilen, özünde emele gelýän jaýryklary özbaşdak «bejerip» bilýän täze asfalt görnüşini işläp taýýarladylar. Munuň netijesinde ýollary abatlamak üçin el zähmetine bolan zerurlyk azalýar diýip, Google-yň resmi blogynda habar berilýär.

Asfaltdaky jaýryklar, esasan bitumyň (garasakgyjyň) oksidlenip, aşa gatylaşmagy netijesinde emele gelýär. Alymlar bu prosesi yzyna öwürmegiň ýollaryny gözleýärler, şeýdip hem asfalty öňki ýagdaýyna getirmegi maksat edinýärler.
Çylşyrymly himiki düzümli organiki maddalary, şol sanda bitumy öwrenmek üçin alymlar maşyn öwreniş (machine learning) usulyny ulandylar. Olar ýygnalan maglumatlaryň esasynda täze model döretdiler, bu model atomistik modelirleme işini çaltlaşdyrmaga kömek etdi. Netijede, bitumyň oksidleniş prosesi we jaýryklaryň döremegi bilen baglanyşykly barlaglarda ep-esli öňe gidişlik gazanyldy. Google-yň blogynda bellenilmegine görä, bu usul adaty hasaplaýyş modellerinden has çalt we öndürijiliklidir.
Hasaplaýyş himiýasy boýunça bilermen doktor Fransisko Martin-Martines, emeli aň gurallarynyň çalt ösdürilmeginde Google Cloud-yň uly rol oýnandygyny belledi. Ol tebigatyň öz-özüni dikeltmek ukybyna meňzeýän täze asfalt görnüşiniň ýollaryň ömrüni uzaltjakdygyny we has durnukly hem-de ygtybarly ýol infrastrukturasyny döretjekdigini aýtdy.
Laboratoriýada geçirilen synaglarda alymlar täze asfalt materialynyň mikro jaýryklary bir sagatdan az wagtyň dowamynda bejerip bilýändigini görkezdiler. Jaýryklar bilen göreşmek üçin alymlar bituma gaýtadan işlenen ýaglar bilen doýrulan, kiçijik gözenekli ösümlik sporalaryny goşdular. Ulaglar asfaltyň örtügine agram berende, bu sporlar basylyp, olaryň içindäki ýag golaýdaky jaýrylan ýerlere akýar. Munuň netijesinde, bitum ýeterlik derejede ýumşap, jaýryk ýerleri doldurýar.
Alymlar geljekki iki ýylyň dowamynda, täze asfalt materialyny Beýik Britaniýadaky ýollarda ulanmak üçin taýýar etmegi maksat edinýärler.


31.05.2026 22:44
4.4k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.6k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....

16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

10.05.2026 11:51
8k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......