Starship raketasynyň partlamagy ekologik meseleleri ýüze çykardy: 85 tonnalyk hapa Ýere seçildi

  • 04.02.2025 23:27
  • 13k+

Ýanwar aýynyň ortalarynda SpaceX kosmos kompaniýasyna degişli Starship raketasynyň ýokarky böleginiň garaşylmadyk ýagdaýda partlamagy netijesinde Ýeriň atmosferasyna köp möçberde zyýanly maddalar zyňyldy. Bu hadysa takmynan 146 kilometr beýiklikde bolup geçdi we 85 tonnalyk gurluş partlap yzyna Ýere gaçdy diýip, Space.com habar berýär.

Londonyň uniwersitet kollejiniň (UCL) atmosferanyň himiýasy boýunça gözlegçisi Konnor Barkeriň öňki çaklamalaryna görä, raketanyň ýokarky böleginiň partlamagy netijesinde takmynan 45,5 tonnalyk metal oksidleri we 40 tonnalyk azot oksidleri atmosfera zyňyldy. Alymlar bu ýerde esasan azot oksidlerine alada bildirýärler, sebäbi bu maddalar Ýeriň ozon gatlagyna uly zyýan ýetirýär.
Nature žurnalynda raketa zyňyndylary we atmosferada ýanan hem-de Ýere gaçan emeli hemralaryň hapalaýjy täsirleri barada barlag neşir eden Barker, bu sanlaryň takmynan çaklanýandygyny we goşmaça barlaglaryň zerurdygyny belleýär. Muňa garamazdan, ol bu hadysanyň ýüze çykaran zyýanly täsirleriniň, bir ýylyň dowamynda Ýere gaçýan meteoritleriň atmosfera ýetirýän zyýanynyň üçden bir bölegine deňdigini aýdýar.
Kosmos zibilleri boýunça bilermen astronom Jonatan Makdauell partlan bölegiň galyndylarynyň «tonlarçasynyň» ummana gaçandygyny belleýär.
Starship raketasynyň ýokarky bölegi adaty emeli hemralar we raketalar ýaly alýumindan däl-de, poslamaýan polatdan ýasalan. Alymlary esasy alada goýýan zat – alýuminiň ýanmagydyr. Sebäbi ol ýokary temperaturada alýumin oksidine – gaty ownuk ak tozgajyklara öwrülýär. Bu madda ozon gatlagyna zyýan ýetirip, atmosferanyň Günüň şöhlesini yzyna serpikdiriş ukybyny üýtgedýär.
Alymlar geljekde raketa uçuryşlarynyň we emeli hemra ulgamlarynyň köpelmegi bilen zyýanly gazlaryň we bölejikleriň mukdarynyň çalt ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar.


24.03.2026 07:08
3.4k+

BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyl taryhda iň yssy ýyllaryň biri bolup, bu görkeziji boýunça ikinji ýa-da üçünji orunda durýar. Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki 1850–1900-nji ýyllar aralygyndaky derejeden takmynan 1,43 dereje ýokary boldy...

22.03.2026 16:34
3.8k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.3k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...