Şowsuz uçuşdan soň Starship gämisiniň döwük bölekleri Karib adalarynyň kenaryna çykdy

  • 23.01.2025 15:49
  • 6k+

Starship raketasynyň ýedinji synag uçuşyndan soň, gäminiň döwük bölekleri Karib adalarynyň kenarlarynda tapyldy. Raketanyň birinji basgançagy üstünlikli gaýdyp gelse-de, gäminiň özi möhletinden öň kosmosda ýitirim boldy.

SpaceX hereketlendirijiler işini tamamlamazdan birneme öň Ship 33 gämisi bilen aragatnaşygy ýitirdi. Enjamyň ýok bolandygy tassyklanandan soň, internet torunda uçarlaryň ýolagçylaryndan, şeýle-de Terks we Kaýkos adalarynyň syýahatçylaryndan hem ýaşaýjylaryndan döwük bölekleriň atmosfera girişini görkezýän suratlar we wideolar peýda boldy.
ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýa edarasy (FAA) hadysany derňemegi talap edýär. SpaceX bu heläkçiligiň sebäbiniň gämidäki ýangynyň bolandygyny aýdypdy, ýöne FAA göz öňünde tutulmadyk zolakda döwük bölekleriň peýda bolmagy sebäpli hususy derňewini geçirýär. Terks we Kaýkos adalarynda bu bölekler şikeslere getirmedi, ýöne emläge sähel zyýan ýetirdi. Şol sebäpli FAA we ýerli häkimiýetler uçuş ugurlaryny üýtgetdi, käbir uçarlar bolsa ýangyç ýetmezçiligi sebäpli gonuş ýerlerini üýtgetmäge mejbur boldy.
Adalaryň kenarlarynda, esasan, ýylylykdan goraýan plitkalar peýda boldy. Ýaşaýjylara olara el degirmezlik we tapylan ýagdaýyna häkimiýetlere habar bermek maslahat berildi. Muňa garamazdan, kosmos enjamlarynyň bölekleri satuw üçin onlaýn forumlarda yzygiderli peýda bolýar.


düýn 11:02
1.7k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

22.06.2026 22:53
6.7k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

21.06.2026 23:59
2.1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

17.06.2026 17:42
6.4k+

«Mugt Buharda ýok»: Starlink mugt hyzmatlary ýatyryp, enjamlar üçin töleg almakçy

SpaceX kompaniýasy özüniň Starlink hemrasyndan internet hyzmatyna goşulmagyň düzgünlerini üýtgetdi. Operator hakykat ýüzünde ulanyjy terminalyny mugt bermek programmasyny ýapdy....