Tesla sürüjisiz taksilere hyzmat etjek robotlaşdyrylan goly görkezdi

  • 04.02.2025 22:43
  • 5.1k+

Tesla sürüjisiz Cybercab taksisine adam gatyşmazdan hyzmat edip bilýän özbaşdak, robotlaşdyrylan goly görkezdi. Wideoda onuň Cybercab-yň salonyny arassa saklamak üçin dürli wezipeleri ýerine ýetirişi görkezildi.

Ulgam ýolagçylaryň yzynda galdyran zatlaryny, şol sanda hapany we çüýşeleri aýyrmaga, şeýle hem ekrany we tirseklikleri arassalamaga ukyply. Kompaniýa bu işleri ýerine ýetirmek üçin tutuş syýahatyň dowamynda adam kömeginiň gerek bolmajakdygyny öňe sürdi.
Mundan başga-da, Cybercab, takmynan, 19 kW kuwwatlylygy üpjün edip, simsiz zarýad beriş arkaly özüne zarýad bermäge ukyply. Bu ulaga, kabelleri birikdirmezden, uzak wagtlap işlemäge mümkinçilik berýär.
Tesla-nyň baş direktory Ilon Mask ozal sürüjisiz Cybercab taksileriniň iýun aýynda Ostinde işläp başlajakdygyny aýtdy.


18.04.2026 16:22
4k+

Niderlandlar Ýewropada ilkinji bolup jemgyýetçilik ýollarynda Teslanyň awtopilot ulgamyny ulanmaga rugsat berdi

Niderlandlar “Tesla” kompaniýasynyň awtopilot ulgamyny jemgyýetçilik ýollarynda ulanmaga rugsat beren ilkinji Ýewropa ýurdy boldy. Bu barada Reuters habar berýär....

02.03.2026 23:27
1.8k+

Tesla Cybertruck-da sesi basmak ulgamyny işjeňleşdirýär

Tesla kompaniýasy Cybertruck elektrik pikaplarynda uzakdan işleýän programma üpjünçiliginiň täzelenmegi arkaly işjeň ses ýatyryş ulgamyny (ANC) işe girizer. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda we öndürijiniň hyzmat resminamalarynda täzelenen enjamlaryň sanawynda yglan edildi...

03.02.2026 12:23
2.4k+

Ilon Mask öz-özüni okatmaga ukyply «Optimus» robotlarynyň täze neslini tanyşdyrdy

Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask adam şekilli Optimus robotynyň üçünji nesliniň ýakyn wagtda tanyşdyryljakdygyny habar berdi. Bu barada Tesla kompaniýasynyň «Weibo» durmuş ulgamyndaky resmi sahypasynda mälim edildi...

21.01.2026 18:58
3.5k+

Tesla zawodlarda eýýäm 1000 töweregi Optimus gumanoid robotlaryny ulanýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky we Frimontdaky zawodlarynda eýýäm bir müň töweregi adam şekilli Optimus robotlaryny ulanýar. Olar ýükleri daşamaga, akkumulýator öýjüklerini tertiplemäge we batareýalary ýygnamaga kömek edýär...