NASA Wenerada uçuryljak täze zonduň taslamasyny tassyklady

  • 04.02.2025 20:10
  • 2.7k+

Rus we amerikan alymlary Weneranyň atmosferasyny öwrenmek üçin bilelikde iş alyp barýarlar. Olar «Elektroliz arkaly Wenerany öwrenmek» (EVE) atly taslamany taýýarladylar. Bu taslama NASA-nyň Geljekki konsepsiýalar instituty (NIAC) tarapyndan maliýeleşdirildi. Şeýle-de oňa Massaçusets tehnologiýa institutynyň (MIT) professory doktor Maýkl Heht ýolbaşçylyk edýär diýip, Phys.org habar berýär.

EVE taslamasynyň esasy maksady – Weneranyň atmosferasyndan gönümel uçujy gazlary we elektrik energiýasyny öndürmekdir. Munuň üçin alymlar gaty oksidli elektroliz (SOE) diýilýän tehnologiýany ulanmagy meýilleşdirýärler.
Bu tehnologiýa howa şarlary bilen Wenerany öwrenmekde ýüze çykýan iki esasy kynçylygy çözüp biler. Birinjiden, şarlaryň içindäki uçujy gaz wagtyň geçmegi bilen syzýar. Bu bolsa missiýanyň dowamlylygyny çäklendirýär. Ikinjiden, Wenerada gijeler 50 sagat dowam edýär. Şol wagt elektroniki enjamlaryň işlemegi üçin köp ätiýaç energiýa gerek bolýar. Täze tehnologiýa bolsa bu meseleleri çözmäge kömek eder.
Weneranyň atmosferasynyň gaty dykyz bolany üçin, bu taslama diňe ýönekeý bir fanyň kömegi bilen işläp bilýär, oňa kiçi kompressor nasosy zerur däl. Şeýle-de, Wenera Güne ýakyn ýerleşýär, şonuň üçin gündizine Gün energiýasy ýeterlik bolýar.
Ýöne bu taslamanyň hem özüne görä kynçylyklary bar. Weneranyň atmosferasynda kükürt kislotasy köp. Şonuň üçin enjamlaryň zaýalanmazlygy üçin ýörite gorag örtügi gerek. Şeýle hem kömürturşy gazynyň (CO₂) kisloroda we ugar gazyna öwrülmegi üçin ulgamyň 75% netijelilik bilen işlemegi möhümdir. Eger bu netije gazanylmasa, enjamlaryň üstünde uglerod ýygnanyp, olary petikläp biler.
Alymlar bu tehnologiýany başga planetalarda hem ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler. Mysal üçin, olar bu taslamany galyň atmosferaly Titanda (Saturnyň hemrasy) synap görmegi göz öňünde tutýarlar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....