Soçiniň kenarynda Dubaýdaky ýaly Russiýanyň ilkinji emeli adasy gurlar

  • 04.02.2025 20:04
  • 8.8k+

2026-njy ýylda Soçiniň kenarynda Russiýada ilkinji emeli adanyň gurluşygyna başlanar. Onuň meýdany 50 gektar bolar diýip, "Korporasii Ostrow perwyý" korporasiýasynyň dolandyryjy müdiri Bulat Şakirowyň sözlerine salgylanýan RIA Nowosti habar berýär.

Iş başlamazdan ozal, akwatoriýany taýýarlamak üçin gorag gidrawlik desgalary gurlar. Gurluşygy 2031-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Deslapky çaklamalara görä, taslama goýuljak maýa goýumlary 1 trillion rubldan (häzirki walýuta hümmetinde 10,2 milliard dollardan gowrak) geçer we 12 ýylda özüni ödär.
Adada myhmanhanalar, apartamentler, sport we gezelenç zolaklary, konsert meýdançalary we Gara deňzini öwreniş barlag merkezi ýerleşer. Gurluşygyň  umumy meýdany 150 gektar bolar.
Taslamanyň resminamalary 2025-nji ýylyň ahyryna çenli taýýar bolar. Täze adanyň sebitiň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňeltmegine garaşylýar.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.5k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.6k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....