Hytaýyň Yutong kompaniýasy dünýäde ilkinji 26 metrlik elektrobusy hödürledi

  • 04.02.2025 19:58
  • 10k+

Hytaýyň Yutong kompaniýasy resmi taýdan dünýäde ilkinji 26 metrlik elektrobusy hödürledi. Üç bölekden ybarat bolan bu ulagyň ilkinji nusgalary Çžençžoudaky zawodda öndürildi we eýýäm Meksika iberilmäge taýýarlanýar.

Modeliň tehniki aýratynlyklary belli däl, ýöne iň täze akkumulýatorlaryň we hereketlendirijileriň ulanylandygy, “geçýän menziliniň uzakdygy”, “ses derejesiniň pesdigi” we “zarýad wagtynyň gysgadygy” bellenilýär.
Awtobus döwrebap sürüjilere kömek ulgamy bilen üpjün edildi we maýyplygy bolan adamlary gatnatmak üçin Meksikanyň ülňülerine laýyk gelýär. Yssy howada rahat gatnaw üçin ýokary derejeli kondisioner ulgamy göz öňünde tutuldy.
Yutong Mexico-nyň ýolbaşçysy Ren Wenhueýiň aýtmagyna görä, awtobus Meksika bazarynyň talaplaryna laýyklykda ýörite döredildi. Yutong öň bu ýurda 100-den gowrak trolleýbus iberdi. Infrastrukturanyň ösmegini göz öňünde tutmak bilen, ol Latyn Amerikasynda gatnawlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam eder.
E-Bus Radar-yň maglumatlaryna görä, Meksika elektrobus parkynyň ululygy boýunça Latyn Amerikasynda dördünji orny eýeleýär – 744 birlik. Olaryň aglabasy Yutong kompaniýasy tarapyndan öndürildi. Ikinji orny ýene bir hytaý kompaniýasy BYD, üçünji orny ispan kompaniýasy Irizar eýeleýär.
Belläp geçsek, “Türkmenawtoulaglary” agentligi hem Hytaýyň Yutong Bus Co. kompaniýasy bilen awtobus satyn almak boýunça şertnama baglaşmaga ygtyýar aldy. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde bu kompaniýadan «Yutong ZK6128HG» kysymly 700 sany awtobusy satyn almak göz öňünde tutulýar.


21.05.2026 11:31
6.1k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.6k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......

13.05.2026 23:03
2k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

10.05.2026 21:39
3.9k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....