2025-nji ýylyň Nobel baýragynyň eýeleriniň yglan ediljek senesi aýdyldy

  • 04.02.2025 19:55
  • 4.6k+

2025-nji ýylyň Nobel baýraklarynyň laureatlarynyň atlary 6 – 13-nji oktýabrda Stokgolmda we Osloda yglan ediler. Bu barada Nobel gaznasynyň metbugat relizinde habar berilýär.

Karolinska institutynyň ýanyndaky Nobel komiteti 6-njy oktýabrda fiziologiýa we lukmançylyk, Patyşalyk ylymlar akademiýasynyň Nobel komitetleri bolsa 7-nji we 8-nji oktýabrda, degişlilikde, fizika hem-de himiýa boýunça laureatlaryň adyny yglan eder.
9-njy oktýabrda Şwed akademiýasy edebiýat ugrunda bu baýraga mynasyp bolan adamy mälim eder. Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi 10-njy oktýabrda Osloda belli bolar. Ony Norwegiýanyň Nobel komiteti yglan eder.
Alfred Nobeliň hatyrasyna Şwesiýanyň döwlet bankynyň baýragynyň eýesi 13-nji oktýabrda belli bolar. Ol Stokgolmda Patyşalyk ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky ykdysadyýet boýunça Nobel komiteti tarapyndan atlandyrylar.


28.01.2026 09:50
2.2k+

Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň «Klara we Güneş» romany ekrana geçirilýär

Režissýor Taýka Waýtiti özüniň «Klara we Güneş» («Клара и Солнце») atly ylmy-fantastiki dramasynyň ýakyn wagtda ekranlara çykjakdygyny mälim etdi. Bu film Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň adybir romany esasynda surata düşürildi...

20.01.2026 10:59
2.5k+

Stokgolmda Nobel merkezi gurlar

Stokgolmda Nobel merkeziniň gurluşygy meýilleşdirilýär. Taslama Germaniýanyň David Chipperfield Architects binagärlik studiýasy tarapyndan Şwesiýanyň Sweco Architects kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlandy...

09.10.2025 18:33
2.6k+

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai boldy

Nobel komiteti 2025-nji ýylyň edebiýat boýunça baýragynyň eýesini yglan etdi. Baýragy “apokaliptik elhençligiň möwjän döwründe sungatyň güýjüni tassyklaýan täsirli we öňdengörüjilikli döredijiligi üçin” wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai aldy...

15.01.2025 23:20
5.9k+

Nobel baýragynyň eýeleri azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin gyssagly çäre görmäge çagyrdylar

Nobel we Bütindünýä azyk baýraklarynyň eýeleriniň 150-den gowragy azyk önümçiliginiň haýal etmän ýokarlandyrylmagyny talap edýän açyk hata gol çekdiler. The Guardian neşiriniň belleýşi ýaly, bu ýüzlenme dünýäde...