Ýaponiýada gar festiwaly başlady

  • 04.02.2025 16:01
  • 7k+

Şu gün Ýaponiýanyň Hokkaýdo adasynda ýerleşýän Sapporo şäherinde her ýyl geçirilýän «Ýuki-matsuri» atly gar festiwaly açylýar diýip, Asahi neşiri habar berýär. Bu çäre 1950-nji ýyldan bäri guralyp, her ýyl dünýäniň dürli künjeginden millionlarça tomaşaçyny özüne çekýär.

Bu ýyl festiwal meýdançalarynda 130-a golaý gar we buz heýkelleri görkeziler. Olaryň arasynda tanymal animasiýa gahrymanlarynyň şekilleri, ýapon türgenleriniň heýkelleri, meşhur binalaryň tebigy ululykdaky takyk nusgalary hem bar.
Mundan başga-da, çäräniň çäklerinde gardan heýkeltaraşlyk boýunça halkara bäsleşik hem geçiriler. Oňa Günorta Koreýadan, ABŞ-dan, Litwadan, Polşadan, Singapurdan we beýleki ýurtlardan ussatlar gatnaşar.
Festiwal Sapporo şäheriniň medeni durmuşynyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Ilkinji gezek 1955-nji ýylda Ýaponiýanyň Goranyş güýçleriniň bölümçeleri heýkelleriň döredilmegine gatnaşdylar. Şondan bäri, harby gullukçylaryň her ýyl şäheriň merkezine tonnalap gar getirmegi uly däbe we möhüm ýörelgä öwrüldi.
Şu ýyl festiwal 11-nji fewrala çenli dowam eder.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......