SpaceX sebäbini düşündirmezden orbitada her gün 3-4 Starlink hemrasyny ýok edýär

  • 04.02.2025 15:00
  • 4.4k+

2024-nji ýylyň maý aýyndan başlap SpaceX her gün 3-4 Starlink hemrasyny ýok edip başlady. Bu hadysa astronomlaryň we hünärmenleriň ünsüni özüne çekdi, sebäbi hemralary ulanylyşdan aýyrmagyň ýygylygy ozal has pesdi diýip, PCMag habar berýär.

“Hemralary ulanylyşdan aýyrmagyň ýygylygy 2024-nji ýylyň maý aýyna çenli pesdi. Soňra ol günde bir-ikä çenli artdy, dekabr aýynda bolsa üç-dörde ýetdi” – diýip, astronom Jonatan Makdauell aýdýar.

Ähtimal, SpaceX köne hemralary täzeleri bilen çalyşýandyr, ýöne kompaniýa bu barada heniz resmi düşündiriş bermedi. Bu babatda bilermenler birnäçe pikiri öňe sürýär. Olaryň birine görä, bu 2024-nji ýylyň maý aýynda bolup geçen Gün partlamasy bilen baglanyşykly bolup biler, sebäbi bu hadysa Ýere golaý orbitada ýerleşýän hemralaryň durnuksyzlaşmagyna getirdi. Mundan başga-da, ionlaşdyryjy şöhlelenme olaryň elektron enjamlaryna zeper ýetiren bolup biler.
Öň SpaceX näsazlyklaryň öňüni almak syýasatyna eýerýändigini aýdypdy, bu hemralary toparyň ýa-da kosmosdaky enjamlaryň howpsuzlygyna täsirini ýetirmezden ozal ulanylyşdan tiz çykarmaga mümkinçilik berýär.
Atmosferada hemra ýakylanda alýumin oksidi ýaly zyýanly maddalar emele gelýär. Mundan başga-da, atmosferada hemralaryň ýok edilmegi Ýerdäki ähli janly zatlary ultrabenewşe şöhlelerden goraýan ozon gatlagyna ýaramaz täsir edip biler.

“7821 sany uçurylan Starlink hemrasyndan (häzire çenli) 817 sanysy, şol sanda başda hatardan çykan hemralar ulanylyşdan aýryldy” – diýip, Makdauell belledi.

Häzirki wagtda ulanylyşda 6200 töweregi Starlink hemrasy bar. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa her hepdede 55 sany täze enjam öndürýär we aýda 200-e çenli hemra uçurmaga ukyplydyr. Şeýlelikde, aýda ýüzlerçe hemra ýakylsa-da, SpaceX hemralar toparyny giňeltmek depginini azaltmaýar.


22.06.2026 22:53
6.3k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

21.06.2026 23:59
2k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

17.06.2026 17:42
6.4k+

«Mugt Buharda ýok»: Starlink mugt hyzmatlary ýatyryp, enjamlar üçin töleg almakçy

SpaceX kompaniýasy özüniň Starlink hemrasyndan internet hyzmatyna goşulmagyň düzgünlerini üýtgetdi. Operator hakykat ýüzünde ulanyjy terminalyny mugt bermek programmasyny ýapdy....

19.05.2026 16:54
9.6k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......