Moskwada GDA döwletleriniň ilçileriniň Russiýanyň daşary işler ministri bilen duşuşygy geçirildi

  • 04.02.2025 13:17
  • 8.2k+

3-nji fewralda Moskwada Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Russiýada akkreditirlenen GDA agza döwletleriň ilçileri bilen däp bolan duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Moskwadaky ilçisi E.Aýdogdyýew, şeýle hem Arkalaşygyň Baş sekretary Sergeý Lebedew hem gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda 2024-nji ýylda Russiýanyň baştutanlygynda GDA formatyndaky hyzmatdaşlygyň netijeleri jemlendi. Daşary syýasaty utgaşdyrmagy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, şeýle hem howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga üns çekilip, 2025-nji ýyl üçin esasy wezipeler kesgitlenildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar häzirki ählumumy we sebitleýin mozwuklar boýunça pikir alyşdylar. Bu ýyl Täjigistanyň GDA-da başlyklyk etmeginde ileri tutulýan ugurlaryna ähmiýet berildi.


şu gün 13:44
402

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......