Türkmenistan YHG-nyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygynda başlangyçlaryny öňe sürdi

  • 04.02.2025 13:10
  • 3.9k+

3-nji fewralda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň başlygynyň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Tähranda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň mejlisine gatnaşdy.

YHG agza döwletleriň diplomatlary bilen bir hatarda bu duşuşyga sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, ýöriteleşdirilen edaralaryň we guramanyň düzüm birlikleriniň wekilleri gatnaşdy. Duşuşykda maliýe-býujet hyzmatdaşlygyna, «YHG garaýşy - 2025-i» durmuşa geçirmäge we guramanyň iş usullaryny kämilleşdirmäge esasy üns berildi.
Mejlisde çykyş eden A. Gurbanow Türkmenistanyň sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny nygtady. Ol YHG-nyň ösüş strategiýasy boýunça birnäçe teklipleri hödürledi, hususan-da, Durnukly ulag baglanyşyklarynyň Ählumumy atlasyny döretmek, Ählumumy energetika howpsuzlygy boýunça bileleşik döretmek we aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek başlangyçlaryny orta atdy.
Mundan başga-da, türkmen diplomaty YHG Söwda ylalaşygynyň netijeli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belledi.
Mejlisiň çäklerinde A. Gurbanowyň YHG-nyň baş sekretary Asad Madjid Han bilen gysga duşuşygy bolup, onda Türkmenistanyň YHG bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


şu gün 07:42
809

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......