Kriptowalýuta bazary taryhy pese gaçyşy başdan geçirdi: ýitgiler 2 mlrd dollardan geçdi

  • 03.02.2025 21:15
  • 4.7k+

Kriptowalýuta bazary düýpli pese gaçyşy başdan geçirdi. Uly kriptobiržalarda şertnamalary yzarlaýan Coinglass hyzmatynyň maglumatlaryna görä, geçen 24 sagadyň dowamynda söwda şertnamalaryny ýapmagyň umumy möçberi 2,24 mlrd dollardan geçdi diýip, RBK habar berýär.

Bitkoin (BTC) 91 müň dollara düşdi, şol bir wagtyň özünde onuň bazardaky paýy rekord 65%-e ýetdi. Häzirki wagtda BTC 95 müň dollardan ýokary derejede bolmaga synanyşýar. Ýakynda bitkoin 109,1 müň dollara ýetip, rekordy täzeledi.
Ethereum (ETH) hem uly pese gaçyşlaryň birini başdan geçirdi. Ol 26%, 2000 dollara çenli pese düşdi. Beýleki belli altkoinler hem güýçli basyşa sezewar boldy: Solana (SOL) 175 dollara, Sui 2,4 dollara çenli peseldi.
Kriptowalýuta bazarynda bahalaryň uly pese gaçyşy 3-nji fewrala geçilýän gije başlady we wagt taýdan Donald Trampyň eýýäm Meksika, Kanada we Hytaýa garşy girizen gümrük haklary bilen bir hatarda Ýewropa Bileleşiginden hem haryt üpjünçiligi üçin goşmaça tölegleri yglan etmegi bilen gabat geldi.
Şertnamalaryň ýapylmagy biržanyň treýderiň ýitgili şertnamasyny mejbury ýapýan prosesidir. Ýagny, bu treýderiň şertnamany açyk saklamak üçin ýeterlik serişdesi bolmadyk ýagdaýynda bolup geçýär. 


06.02.2026 09:27
2.5k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.2k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.9k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...