Kosmos gämisi Ýeriň gury ýerden iň uzak nokadyny surata düşürdi

  • 03.02.2025 17:58
  • 6.3k+

Ýapon kompaniýasy ispace-iň wekilleri Aý gonuş moduly bolan Resilience tarapyndan düşürilen Ýeriň suratyny neşir etdiler. Bu barada Space.com habar berýär.

Resilience biziň planetamyzdan, takmynan, 10 müň kilometr uzakda wagty, onuň kamerasynyň obýektiwine Ýuwaş ummany düşdi. Suratda gury ýerden iň uzak nokat – Nemo nokady hem görnüp dur.
Resilience 15-nji ýanwarda ABŞ-nyň Florida ştatyndaky Kennedi kosmos merkezinden SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasy arkaly uçuryldy. Missiýanyň meýilnamasyna görä, ol dört-bäş aýdan Aýa ýeter. Ýapon enjamynyň Sowuk Deňiz diýilýän sebite gondurylmagy meýilleşdirilýär.
Onuň bortunda alty dürli peýdaly ýük bar: Aýda suwotylardan azyk önümlerini öndürmek boýunça synag geçirmek üçin modul, Aýyň topragyny (regolitini) ýygnamak üçin enjam, Tenacious atly aý roweri, suwuň elektrolizi üçin enjam, radiasiýa datçigi we Bandai Namco, Inc. gözleg instituty tarapyndan döredilen ýadygärlik ýazgysy.


düýn 22:13
3.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.3k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......