SpaceX Aýa täjirçilik maksatly iki kosmiki enjamy ugratdy: Resilience we Blue Ghost

  • 15.01.2025 23:31
  • 3.3k+

15-nji ýanwarda Florida ştatyndaky (ABŞ) Kennedi kosmos merkezinden SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasy uçuryldy. Raketada Aýa gonmaly iki sany enjam – Resilience we Blue Ghost bardy. Uçuryş ABŞ-nyň gündogar kenary wagty bilen sagat 01:11-de (Aşgabat wagty bilen 11:11-de) amala aşyryldy diýip, CNN habar berýär.

Enjamlardan biri bolan Blue Ghost, NASA-nyň Artemis Aý programmasyna gatnaşýan amerikan Firefly kompaniýasy tarapyndan döredildi. Bu kompaniýanyň ilkinji Aý missiýasy bolup durýar.
Ikinji enjam bolsa “Hakuta-R” görnüşli Resilience adyny göterýär. Ol ýapon Ispace kompaniýasy tarapyndan öndürildi. 2023-nji ýylda bu kompaniýa Aýa ilkinji täjirçilik maksatly modulyny gondurmaga synanyşdy, emma ýangyç ýetmezçiligi sebäpli, enjam Aýa batly gonup, weýran bolupdy. Täze synanyşyk şol ýalňyşlyklary düzetmegi maksat edinýär.
Blue Ghost Aýa takmynan 45 günde baryp ýeter. Resilience bolsa has uzak wagtdan – “pes energiýaly traýektoriýada” ýollanandygy üçin bäş aýda baryp ýeter diýip, Ispace kompaniýasynyň direktory Dzýumpeý Nodzaki BBC bilen gürrüňdeşliginde aýdyp geçdi.
Blue Ghost Aýda takmynan iki hepde işlär. Onda nawigasiýa synag enjamlary, radiasiýa çydamly kompýuterler we Aýyň topragyny ýygnamak we seljermek üçin abzallar ýerleşdirilendir. Şeýle-de ol, serpikdirijiler (yşygy we elektromagnit tolkunlaryny serpikdirýän gurluşlar) bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu alymlara Ýer bilen Aýyň aralygyny has takyk ölçemäge ýardam berer.
Resilience bolsa, Tenacious atly kiçi gözleg enjamyny (lunar rover) daşaýar. Ol Aýyň üstüni öwrenmek üçin niýetlenendir. Şeýle-de, suwdan kislorod öndürmek we suwotulary ösdürip ýetişdirmek ýaly synaglary geçirer. Bu synaglar, geljekde astronawtlary Aýda iýmit bilen üpjün etmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.
NASA-nyň bellemegine görä, missiýa üstünlikli geçse, ol Aýa ilkinji täjirçilik maksatly uçuryş bolar.
Şeýle hem SpaceX, Tehasdaky kosmodromdan Starship atly aşa agyr raketasynyň ýedinji uçurylyşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Uçuryş 16-njy ýanwarda, ýerli wagt bilen sagat 16:00-da (Aşgabat wagty bilen gije sagat 03:00-da) amala aşyrylar.


düýn 23:21
930

Adamyň Aýa gonmagy yza süýşürilýär: Aýa uçmaga derek – Ýeriň orbitasynda türgenleşik geçiler

NASA Artemis III adam dolandyryşly missiýasynyň maksatnamasyna takyklama girizdi: Aýa uçup, oňa gonmagyň deregine, ekspedisiýa Ýeriň pes orbitasynda amala aşyrylar. Bu uçuş geljekde Aýyň ýüzüne gonmak üçin......

18.05.2026 01:03
3.4k+

47 million galaktikadan we kwazardan gelýän ýagtylyk: Älemiň iň jikme-jik 3D kartasy döredildi

Halkara DESI taslamasy Älemiň iň uly we iň jikme-jik üç ölçegli kartasyny düzüp, 47 milliondan gowrak galaktikadan we kwazarlardan düşýän ýagtylygy ýazga aldy....

15.05.2026 12:36
2.6k+

NASA Jeff Bezosyň 51 müň hemraly «Blue Origin» taslamasyna garşy çykdy

NASA 500-den 1800 kilometr aralygyndaky belentliklere 51 600 sany hemrany uçurmagy göz öňünde tutýan Blue Origin kompaniýasynyň «Sunrise» taslamasyna garşy ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna närazlyk......

15.05.2026 11:06
1.8k+

Hytaý kosmosda emeli adam embrionlary bilen synag geçirýär

Hytaý orbital mikrograwitasiýada adamyň emeli embrionpisint gurluşlarynyň ösüşini öwrenmek boýunça dünýäde ilkinji synagyna başlady diýip, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň amaly kosmos ylymlary we inženerçilik......