Microsoft täze emeli aň mümkinçilikleri bilen Surface noutbugyny we planşetini hödürledi

  • 03.02.2025 09:52
  • 1.3k+

Microsoft täze Surface Laptop (7th Edition) noutbuk modelini we Surface Pro (11th edition) planşet modelini hödürledi.

Gurluşlaryň ikisi-de öňki ölçeglerini saklap galdy: Surface Pro 11 planşeti 13 dýuýmlyk ekrana eýe boldy, Surface Laptop 7 bolsa 13,8 we 15 dýuýmlyk displeýlerde elýeterlidir. Olar EA tizleşdirijisi (NPU) bilen Intel Core Ultra 200 prosessorynda işleýär, şonuň üçin Copilot+PC talaplaryna laýyk gelýär.
Microsoft bu gezek Windows-yň funksiýalaryna däl-de, täze Microsoft 365 Copilot EA funksiýalaryna aýratyn üns berdi. Mysal üçin, Microsoft 365 Copilot-yň kömegi bilen ulanyjylar Surface Pro-da tekst ýazyp ýa-da döredip biler, Copilot bolsa bellikleri seljerip biler.
Şu ýylyň dowamynda kompaniýa noutbugyň 5G wersiýasyny çykarmagy meýilleşdirýär. Şeýle-de, 199,99 dollar bahadan Surface USB4 Hub dok-stansiýasy hödürlendi, ol 18-nji fewralda satuwa çykar. Şol gün hem 1499 dollar baha bilen Surface Laptop 7-niň we Surface Pro 11-iň satuwy başlar.
Surface Pro 11 IPS we OLED displeýleri bilen elýeterlidir. Planşetde 1440p kamera, iki Thunderbolt 4 porty we 1 TB çenli saklaýjy bar.
Surface Laptop 7 2304x1536 we 2496x1664 piksel ekranly wersiýalara eýe boldy. Ikisinde-de 1300:1 kontrastlyk, Dolby Vision IQ goldawy we Gorilla Glass 5 gorag aýnasy bar. Şeýle-de, 1080p web-kameralara hem-de Bluetooth 5.4 bilen Wi-Fi 7 goldawyna eýe boldy.
Microsoft täze Surface Laptop-yň öňküsinden 26% tizdigini we 22 sagada çenli awtonom işi üpjün edýändigini aýdýar.


17.03.2026 16:47
939

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...

07.03.2026 17:10
914

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...

02.03.2026 11:03
1.5k+

Starlink Microsoft-a internet elýeterliligi boýunça global deňsizligi azaltmaga kömek eder

Microsoft kompaniýasy bütin dünýäde 299 million adamyň internete birikmegini üpjün etdi. Bu ugurdaky başlangyçlary dowam etdirmek üçin korporasiýa Starlink bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy diýip, kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär...