Google-iň emeli aňy adama derek ussahanalara we gözellik salonlara jaň edip biler

  • 02.02.2025 21:19
  • 2.2k+

Google ulanyjynyň adyndan kärhanalara jaň edip bilýän «Ask for Me» (Meniň üçin sora) atly täze funksiýasyny synagdan geçirip başlady. Bu täze gural hyzmatlaryň bahasyny anyklamaga, elýeterliligini barlamaga we öňünden ýazylmaga kömek edýär.

The Verge neşiriniň maglumatyna görä, häzirlikçe bu funksiýa diňe ulag ussahanalary we manikýur salonlary bilen çäklenýär.
«Ask for Me» Google Search Labs ulgamyna goşulandan soň, gözleg netijelerinde bu hyzmaty ulanmagy teklip edýän bellik peýda bolýar. Ulanyjy bu opsiýany saýlansoň, ulgam birnäçe anyklaýjy sorag berýär: mysal üçin, ulagyň markasyny we modelini, gerekli hyzmatyň görnüşini (ýagy çalyşmak, teker çalyşmak we ş.m.) ýa-da ussahana baryp görmek üçin amatly wagty sorap biler. Şeýle hem, ulanyjy öz islegine görä e-poçta salgysyny ýa-da telefon belgisini girizenden soň, ulgam bu salgylara iň täze maglumatlary iberip durýar.
Bu funksiýa öň restoran bronlary üçin ulanylan Google Duplex tehnologiýasynyň esasynda döredildi. Google-yň wekili Kreýg Eweriň düşündirişine görä, «Ask for Me» arkaly edilýän her bir jaň «bu jaňyň Google-yň ulanyjy adyndan awtomatlaşdyrylandygy» barada habar bilen başlaýar. Kärhanalar Google Business Profile sazlamalary ýa-da emeli aňly bot bilen söhbetdeş bolmak arkaly awtomatlaşdyrylan jaňlary öçürip bilerler. Şeýle-de kompaniýalaryň aşa köp awtomatlaşdyrylan jaň almazlygy üçin bellenilen çäklendirmeler hem bar.
Eweriň aýtmagyna görä, emeli aňly bot tarapyndan ýygnalýan ähli maglumatlar «beýleki ulanyjylaryň meňzeş soraglaryna ýardam bermek üçin» ulanylyp bilner.


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......