Mikroplastikler süýdemdirijileriň beýnisine birnäçe sagatda aralaşyp «dykynlary» döredýär

  • 01.02.2025 16:09
  • 5.7k+

Mikroplastik bölejikler bary-ýogy birnäçe sagadyň dowamynda süýdemdirijileriň beýnilerine aralaşyp bilýär. Olar damarlarda toplanyp, olaryň petiklenmegine sebäp bolýar we çişme hadysalaryny döredýär. Bu barada Hytaýyň ekologiýa ylymlary akademiýasynyň, Dýuk uniwersitetiniň (ABŞ) hem-de Singapuryň milli uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen barlagda aýdylýar.

Synag wagtynda laboratoriýa syçanlaryna dürli ululykdaky flýuoresens plastmassa bölejikleri goşulan suw berildi. Kämilleşen wizuallaşdyryş usullarynyň kömegi bilen alymlar bu bölejikleriň bedende nähili hereket edýändigini yzarladylar. Netijede, plastik bölejikleriň bary-ýogy birnäçe sagadyň dowamynda beýniniň gan-beýni päsgelçiliginden (gematoensefalik päsgelçilikden) geçip bilýändigi ýüze çykaryldy.
Beýnide bu bölejikler gan damarlarynyň içinde «dykynlara» meňzeş üýşmeleňler döredýär. Bedeniň gorag öýjükleri (immun öýjükleri) plastik bölejikleri ýok etmek üçin olary gurşap alýarlar, ýöne bu ýagdaý tersine, bölejikleriň has köp üýşmegine itergi berýär. Netijede, beýnide çişme hadysalary, öýjükleriň zeperlenmegi we oksidleýji stres ýüze çykýar.
Üstünde synag geçirilen syçanlarda ýatkeşligiň peselmegi, hereket endikleriniň gowşamagy we çydamlylygyň azalmagy ýaly alamatlar hasaba alyndy.
Alymlar syçanlar bilen adam bedeniň gurluşynyň tapawutlydygyna garamazdan, bu netijelere aýratyn üns berilmelidigini belleýärler. Sebäbi öňki geçirilen barlaglara görä, mikroplastik bölejikleri eýýäm dünýäniň tas ähli janly-jandarlarynyň bedeninden diýen ýaly tapyldy.


25.05.2026 16:09
1.3k+

Oksfordyň alymlary Ebola wirusyna garşy täze sanjym taýýarlaýarlar

Oksford uniwersitetiniň alymlary dünýäniň iň wehimli wiruslarynyň biri bolan Ebola garşy täze waksina taýýarlaýarlar. Bu serişde ýakyn 2-3 aýyň dowamynda adamlarda synag edilip başlanylar....

21.05.2026 16:20
4.6k+

Towuk iýmindäki üzüm çigidiniň künjarasy jüýjeleri antibiotiksiz sagdyn ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär

Kornell uniwersitetiniň alymlary üzüm çigdiniň künjarasyny iýmit goşundysy hökmünde ulanmagyň, antibiotik ösüş stimulyatorlaryny ulanmazdan, sagdyn broýler towuklaryny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik......

17.05.2026 23:19
1.7k+

Rus alymlary melanomanyň maksatly terapiýasy üçin plýonka döretdiler

ITMO uniwersitetiniň we Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň alymlary sagdyn öýjüklere zeper ýetirmezden, deri çişlerine garşy dermanlary maksatly goýbermek üçin material işläp düzdüler....

05.05.2026 14:00
2.2k+

Ysmaz hassalar Neuralink-yň kömegi bilen pikir arkaly hereket etmegi öwrendiler

Neuralink kompaniýasy ysmaz adamyň öz pikirleriniň kömegi bilen robotlaşdyrylan eli nähili dolandyryp bilýändigini görkezdi. Bu görkezme tehnologiýanyň mümkinçilikleriniň näderejede ýokarydygynyň göz-görtele......