Saud Arabystany daşary ýurtlulara Mekgede we Medinede gozgalmaýan emläge maýa goýmaga rugsat berdi

  • 01.02.2025 13:21
  • 20k+

Saud Arabystany daşary ýurtlulara musulmanlar üçin mukaddes Mekge we Medine şäherlerinde gozgalmaýan emläge eýeçilik edýän kompaniýalara maýa goýmaga rugsat berdi. Bu barada patyşalygyň Maýa bazarlarynyň edarasy (CMA) habar berýär.

Şeýle çözgüt daşary ýurtly maýadarlara zyýaratçylary ýerleşdirmekden girdeji alýan kompaniýalarda paý satyn almaga mümkinçilik berer.
Şol bir wagtyň özünde daşary ýurtlular diňe paýnamalara we beýleki käbir gymmatly kagyzlara maýa goýup biler. Ýöne olar şeýle kompaniýalaryň paýnamalarynyň 49%-inden gowragyna eýeçilik edip bilmez.
Üýtgeşmeleriň maksady bellenilen şäherlerde taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmekden ybarat.
Zyýarat Saud Arabystany üçin esasy girdeji çeşmesi hasaplanýar. 2019-njy ýylda Mekgä we Medinä 7,5 million töweregi zyýaratçy bardy, bu hem ýurda 12 milliard dollar girdeji getirdi.
Häkimiýetler Vision 2030 maksatnamasynyň çäklerinde 2030-njy ýyla çenli zyýaratçylaryň sanyny 30 milliona çenli artdyrmak isleýär. Bu maksatnama ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga we syýahatçylygy ösdürmäge gönükdirilendir.


düýn 15:08
1.8k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

29.05.2026 08:03
7.7k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

20.05.2026 07:31
1.6k+

Hytaý daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny ýeňilleşdirýär

Hytaýyň häkimiýetleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada karar kabul etdiler. Täze düzgünler myhmanlaryň söwda etmegini aňsatlaşdyrmaga we ýurda......