BAE ýagşy emeli ýagdyrmak üçin täze tehnologiýalary synagdan geçirýär

  • 01.02.2025 12:05
  • 9.2k+

Birleşen Arap Emirliklerinde ýagşy emeli ýagdyrmak üçin iki innowasion tehnologiýa ulanylyp başlandy. Gürrüň bulutlary “ekmek” üçin nanotehnologiýalar, şeýle-de dronlarda we uçarlaryň ganatynda elektrik razrýadnikleri gurnamak barada gidýär. Bu barada Bloomberg agentligine BAE-niň Milli meteorologiýa merkeziniň (NCM) ýolbaşçysy Abdulla Al Mandus gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu işläp taýýarlamalar köp çykdajy talap edýän suwy süýjetmek tehnologiýasyna has netijeli we tygşytly alternatiwa bolmaly.
Häzirki wagtda ygal ýagdyrmak prosesi howada duz reagentlerini sepmek ýoly bilen amala aşyrylýar, ýöne bu topraklaryň şorlanmagy ýaly ýaramaz netijelere getirip biler.
Hasaplamalar duzuň deregine nanobölejikleriň ulanylmagynyň ygallaryň döremek netijeliligini üç esse ýokarlandyryp biljekdigini görkezdi. Uçarlaryň ganatynda ýa-da dronlarda gurnalan elektrik razrýadnikleriň kömegi bilen damjalary döretmäge esaslanýan elektrostatik usul bolsa bu görkezijini dokuz esse ýokarlandyryp biler.
Ilkinji üstünlikli tejribe 2021-nji ýylyň tomsunda geçirildi. Işläp düzüjilere sebitde köp mukdarda ygal ýagdyrmak başartdy. Ýöne üstünliklere garamazdan, şeýle tehnologiýalaryň köpçülikleýin ulanylmagy infrastrukturanyň güýçli ygallara ýeterlik derejede taýýar däldigi sebäpli heniz mümkin däl.
BAE emeli ygallary netijeli ulanmak üçin köp sanly meseleleri çözmeli bolýar. Çünki, 2024-nji ýylda güýçli ýagyş Dubaýyň ýollaryndaky hereketlere uly zyýan ýetirdi.


düýn 23:19
2.7k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....

10.05.2026 14:09
1.3k+

Alymlar dinozawrlaryň peýda bolan wagtyny 10 mln ýyl öňe süýşürdi

ABŞ-dan paleontologlar dinozawrlaryň Ýer ýüzünde öňki çaklanylandan 10 million ýyl ir peýda bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky netijä geldi. Geçirilen barlaglara görä, olaryň gelip çykyşy 250–240 million ýyl......

07.05.2026 14:36
3.3k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......

07.05.2026 11:10
4.4k+

«Terminator-2» filmindäki ýaly: böleklenip, ýene-de täzeden ýygnalýan materiallar döredildi

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň hünärmenleri ýelim ýa-da himiki serişdeleri ulanmazdan, böleklenip we täzeden ýygnalyp bilýän robotlar we konstruksiýalar üçin täze tehnologiýany oýlap tapdylar....