Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda “Galkynyş” töleg ulgamy ornaşdyrylar

  • 01.02.2025 08:38
  • 5.8k+

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky “Galkynyş” töleg ulgamyny işläp taýýarlamak babatda degişli işler geçirdi. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 31-nji ýanwarda Hökümet mejlisinde habar berdi.

Wise-premýer şeýle hem bank işiniň täze usullaryny ornaşdyrmak babatda geçirilýän işler barada aýtdy.
Bellenilişi ýaly, “Galkynyş” töleg ulgamynyň ornaşdyrylmagy edaralardyr şahsy taraplar üçin döwrebap hem-de ýokary hilli menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemäge, olaryň gerimini giňeltmäge, bank işiniň netijeliligini artdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow Döwlet daşary ykdysady iş bankynda ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän “Galkynyş” töleg ulgamy bilen bagly teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....