Hindistanda Inda jülgesiniň gadymy ýazgylaryny okap bilen adama $1 mln tölener

  • 31.01.2025 20:25
  • 11k+

Hindistanyň Tamilnad ştaty Inda jülgesiniň gadymy siwilizasiýasynyň ýazgylaryny okan ilkinji adam üçin 1 mln dollar möçberde baýrak yglan etdi. 100 ýyl mundan ozal britaniýaly arheolog Jon Marşall tarapyndan açylan gadymy ýazgylaryň mazmuny häzire çenli bilinmän galdy diýip, Bi-bi-si habar berýär.

Baýrak barada ştatyň esasy ministri Muthuwel Karunanidhi Stalin yglan etdi.
Indanyň ýazgylary boýunça bilermen žurnalistlere “meseläni çözüp bildim” diýýän adamlardan yzygiderli elektron poçta arkaly hat alýandygyny gürrüň berdi. Ýazgylaryň syryny açmak üçin dürli ugurdaky hünärmenler: IT hünärmenleri, bugalterler, salgyt işgärleri we pensionerler synanyşýar.
Olaryň köpüsi tekstleriň jadyly we ruhy manysy baradaky nazaryýete bil baglap, tekstleriň, köplenç, söwdada ulanylan daş tablisalarynda duş gelýändigi baradaky fakta ähmiýet bermeýär.
Ýerli häkimiýetler uly pul baýragynyň dünýäniň ähli ýerinden arheologlary, lingwistleri we tehniki hünärmenleri höweslendirjekdigine umyt bildirýär.

“Indanyň ýazuw ýadygärlikleri, ähtimal, häzire çenli okalmadyk möhüm ýazuw ulgamy bolsa gerek” – diýip, indolog Asko Parpola belledi.

Inda jülgesiniň ýazuw ýadygärlikleri, takmynan, b.e.öň 2700-2500-nji ýyllarda peýda boldy. Bu tekstleri okamak gadymy siwilizasiýanyň taryhyna, jemgyýetçilik gurluşyna we ykdysadyýetine düşünmegiň açary bolup biler. Şeýle-de, bu Inda jülgesiniň ilatynyň, hakykatdanam, günorta göçendigini, eger şeýle bolsa, munuň nähili bolandygyny anyklamaga mümkinçilik berer.


şu gün 12:29
1k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

08.06.2026 17:48
7.5k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

07.06.2026 20:06
3.5k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......