Porsche Taycan GTS buzda dowamly drift boýunça rekord goýdy

  • 31.01.2025 20:29
  • 7.5k+

Porsche Taycan GTS elektromobilleriň arasynda buzda iň uzak dowam eden drift (awtomobiliň yzky tigirleriniň typdyrylmagy) boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Üstünlik Laplandiýadaky Porsche Arctic Center ýolunda Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan hasaba alyndy.

Awtomobili Porsche Experience-iň instruktory Ýens Rihter dolandyrdy. Ol diametri 59 metr bolan ýörite taýýarlanan ýolda 132 aýlaw edip, driftde 17,5 kilometr geçdi.
Birinji synanyşyk buzuň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy sebäpli 11 kilometrden soň togtadyldy. Ikinji synanyşyk üçin topar gysga tikenli şinalary gurnady we temperaturanyň peselmegine garaşdy. Netijede, öňki 14,809 kilometr rekordy täzelemek başartdy.
Awtomobil bir millimetrlik tikenleri bolan Michelin şinalaryny ulandy. Maglumatlar traýektoriýany, sürüjiniň hereketini we düşýän agramy hasaba alýan professional GPS gurluşy tarapyndan ýazga alyndy.
Porsche Taycan GTS doly herekete getiriji we Launch Control işjeňleşdirilende 515 kWt (700 Nm) çenli kuwwatly elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Launch Control bilen iň ýokary aýlanma pursaty – 790 Nm. Tizligi 100 km/sag çenli artdyrmak 3,3 sekunt wagt alýar, iň ýokary tizlik 250 km/sag barabar. WLTP boýunça geçýän menzili – 552 km. 


29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

12.05.2026 14:52
2.3k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....