Toyota BMW-ä X5-iň wodorod wersiýasyny döretmäge kömek edýär

  • 31.01.2025 17:08
  • 6.1k+

BMW kompaniýasy X5 krossoweriniň täze neslini taýýarlaýar. Autocar-yň maglumatlaryna görä, ilki bazara adaty hereketlendijili wersiýalar çykar, bir ýyldan soň gezek elektrikli iX5-e ýeter, 2028-nji ýylda bolsa wodorod güýç gurluşy bolan model peýda bolar. Soňkusy Toyota bilen bilelikde işlenip düzülýär.

Kompaniýanyň gibrid görnüşi öndürmegi dowam etdirmegi meýilleşdirýändigi sebäpli, täze BMW X5 kämilleşdirilen CLAR platformasyny saklar. Deslapky maglumatlara görä, doly benzinli görnüşi bolmaz. Toparda käbir bazarlar üçin 4,4 litrlik V8-i galar, Ýewropa elektrikleşdirilen alty silindrli hereketlendiriji hödürlener.
Dizaýnyny we tehniki çözgütlerini, şol sanda yşyklandyryş tehnologiýasyny, elektrik hereketlendirijilerini we akkumulýator elementlerini bölekleýin Neue Klasse-den karz alýar.
Wodorod wersiýasy barada jikme-jiklikler entek aýan edilmedi.
BMW 2023-nji ýylda ýangyç elementli X5-i eýýäm synagdan geçirdi, ýöne şol wagt çäkli synag toplumy barada gürrüň gidýärdi . Kompaniýa Toyota bilen bilelikde önümçilik wersiýasyny taýýarlaýandygyny 2024-nji ýylyň güýzünde habar berdi.
Şeýle hem, neşiriň insaýderleri onýyllygyň ahyryna BMW-iň beýleki iki krossoweriniň düýpgöter täzelenjekdigini habar berdiler: 2027-nji ýylda täze X7 çykmaly we 2028-nji ýylda nesil X6-nyň ornuny tutar.
X5 ýaly, iki model hem doly elektrik görnüşine eýe bolar.


düýn 09:36
2.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
11k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.5k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......