Türkmenistan aprel aýynda Kuala-Lumpurda halkara maýa goýum forumyny geçirer

  • 31.01.2025 15:02
  • 3.4k+

23-24-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler.

«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «Türkmen Energiýa Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda çäräniň guramaçylary bolup çykyş edýärler.
Forum nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýalar we senagat ulgamlarynda Türkmenistanyň mümkinçiliklerini görkezmek üçin möhüm çärä öwrüler.

Mundan başga-da, foruma görnükli halkara işgärler, şol sanda iri halkara guramalaryň hem-de «OPEK», BMG-niň Ýewropa ykdysady topary, Ählumumy gaz merkezi, Halkara energetika agentligi, «IRENA», Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş banky, «BNP Paribas» we Beýik Britaniýanyň eksporty maliýeleşdirmek agentligi ýaly maliýe institutlaryň ýolbaşçylary, şeýle hem «Petronas», «TotalEnergies», «Dragon Oil» we «CNPC ExxonMobil», «ADNOC» we «ENI» ýaly öňdebaryjy energetik kompaniýalaryň bilermenleri we hünärmenleri gatnaşarlar.
2024-nji ýylda şeýle çäre Parižde geçirilipdi. Bu gezek Kuala-Lumpurda boljak çäre Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryndan maýa goýumlaryň ýokarlanmagyna itergi berip biler. 
Giňişleýin maglumatlary çäräniň www.teif-turkmenistan.com şu resmi saýtyndan ýa-da info@teif-turkmenistan.com elektron salgy boýunça alyp bolar.


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.3k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......