"X" "Visa" bilen hyzmatdaşlykda pul geçirimleri üçin X Money töleg programmasyny işe girizýär

  • 31.01.2025 12:11
  • 3.8k+

X kompaniýasy 2025-nji ýylda X Money töleg hyzmatyny ýola goýmaga taýýarlanýar. Täze programma Visa bilen hyzmatdaşlykda döredilýär we X-y maliýe funksiýalary bolan uniwersal programma öwürmekde ilkinji ädim bolar.

X-iň baş direktory Linda Ýakkarinonyň sözlerine görä, X Money ulanyjylara debet kartlaryndan serişdeleri geçirmäge we Venmo ýaly, bank hasaplaryna pul ibermäge mümkinçilik berer.
Şeýle hem X -da balansy doldurmak üçin Wallet funksiýasy elýeterli bolar.
Ýakkarino we Ilon Mask ozal X-a maliýe hyzmatlaryny birikdirmek meýilnamalaryny yglan edipdiler. Mask ulanyjylaryň “tutuş maliýe durmuşyny” ýöredip bilmegi üçin platforma döretmek isleýändigini nygtaýardy.
Kompaniýa häzirlikçe X Money-niň işleýşi we hyzmatyň monetizasiýa edilişi barada jikme-jiklikleri aýan etmeýär. Habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, X-iň işi maliýe kynçylyklaryny hem başdan geçirýär. The Wall Street Journal gazetiniň habaryna görä, Mask işgärlerine kompaniýanyň "zordan gününi dolaýandygyny" aýtdy.


22.03.2026 21:15
7k+

Kazyýet Ilon Masky Twitter söwdasynda günäli saýdy

Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, San-Fransiskonyň oturdaşlar kazyýeti telekeçi Ilon Masky Twitteri satyn almazdan öň maýadarlary ýalňyşdyrmakda günäkär saýdy we munuň üçin öwez tölegini tölemek barada höküm çykardy...

18.03.2026 21:49
2.7k+

xAI Grok ulgamyna maliýe pudagyny öwretmek üçin bankirleri işe alýar

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy Grok neýroulgamyny kämilleşdirmek üçin maliýe bilermenlerini we bankirleri işe kabul edip başlady. Kompaniýanyň şeýle etmek bilen maksady bu çat-boty çylşyrymly maliýe amallaryny, şol sanda kärhanalaryň birleşdirilmegi we satyn alynmagy ýaly amallary seljerýän gurala öwürmekdir...

10.07.2025 14:01
4.4k+

X-iň baş direktory Ýakkarino işden gitdi. MrBeast bu wezipä özüni hödürledi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynyň baş direktory Linda Ýakkarino kompaniýadan gidýändigini habar berdi. “Men iki ýyldan soň X-iň baş direktory wezipesinden gitmek kararyna geldim. Haçan-da biz Ilon Mask bilen ilkinji gezek X-iň geljegi barada gürrüňdeş bolanymyzda, men munuň kompaniýanyň ajaýyp missiýasyny durmuşa geçirmek üçin gowy mümkinçilik boljakdygyna düşündim...

31.03.2025 07:54
4.6k+

Ilon Maskyň bir kompaniýasy beýlekisini satyn aldy: X we xAI holdinge öwrüldi

Ilon Mask özüniň X we xAI kompaniýalarynyň bir holdinge birleşendigini habar berdi. Täze gurluş XAI Holdings diýlip atlandyryldy diýip, CNBC habar berýär. Ylalaşygyň çäginde adybir sosial ulgama eýe bolan X (öňki...