Singapurda hereket edýän ýylanly sagat tanyşdyryldy: ol sanlaryň töwereginde «süýrenýär»

  • 31.01.2025 12:05
  • 9.4k+

Singapurly Zbioland Luxury Watches kompaniýasy hytaý senenamasy boýunça ýylan ýylyna bagyşlanan «Snake Watch» atly sagadyny tanyşdyrdy. Bu aksessuaryň iň täsin aýratynlygy – sagadyň ýüzünde hereket edýän mehaniki ýylandyr. Ol biri-birine bagly metal böleklerden ýasalan diýip, New Atlas habar berýär.

Ýylan biri-biri bilen baglanyşykly on iki dişli tigiriň kömegi bilen aýlanyp durýar. Onuň hereketi sagadyň çarçuwasyny sagadyň ugruna öwürmek arkaly gurulýan ýaýly mehanizm bilen üpjün edilýär. Bäş gezek öwürseň, ýylan bir minutlap hereket edýär. Ony başlatmak we duruzmak işi sagadyň sag tarapyndaky düwmä basmak arkaly amala aşyrylýar.
«Snake Watch» sagadynyň korpusy ýokary hilli Grade 5 titandan ýasalan, ýüzi bolsa ýakut daşyndan taýýarlanan aýna bilen örtülen. Işleýiş mehanizmi dişli tigirleriň aýlanma ulgamyndan garaşsyz bolup, bir gezek doly gurlanda 38 sagatlap işlemäge ukyply.
Sagat 50 metre çenli suw geçirmeýär.
Häzirki wagtda kompaniýa bu sagadyň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmak üçin Kickstarter platformasynda serişdeleri jemleýär. Sagat 3002 dollardan satuwa çykarylar.


17.04.2026 00:04
6.8k+

Singapurly tälimçi asylmak boýunça goýan rekordyny ogluna bagyşlady

Singapurly tälimçi we ýoga mugallymy Razif Ýusoff öz bedenine goşmaça 176,1 kilogram agramy berkitmek we hereketsiz asylyp durmak bilen, Ginnesiň dünýä rekordyny täzeledi....

14.04.2026 16:25
4.2k+

Singapurly pensionerler şikeslerden goranmak üçin parkury özleşdirýär

Singapuryň eteginde ýaşaýan ýaşuly adamlaryň çalasynlygyny ösdürmek we durmuşda bolup biljek şikesleriň töwekgelçiligini azaltmak üçin, olara parkur öwredilýär. «South China Morning Post» neşiriniň ýazmagyna......

21.01.2026 10:07
2.8k+

Microsoft: Ýer ýüzüniň her altynjy ýaşaýjysy emeli aňy ulanýar

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäde emeli aňyň ýaýramagynyň täze derejesi hasaba alyndy: indi neýroulgamdan Ýer ýüzüniň ilatynyň 16,3%-i, ýagny her altynjy adam peýdalanýar. Şeýle maglumatlar Microsoft AI Economy Institute-yň hasabatynda getirilýär...

02.12.2025 17:44
7.1k+

Singapurly dizaýner Nike krossowkasyna Nintendo oýun konsolyny oturtdy

Singapurly dizaýner Gustawo Bondzanini içine oýun konsoly gurnalan Nike Air Max 90 krossowkalaryny döretdi. Bu iş Ýaponiýada "Super Nintendo-nyň" çykarylmagynyň 35 ýyllygyna gabatlandy diýip, "The Verge" neşiri habar berýär...