Tesla iýun aýynda Tehasda sürüjisiz taksi hyzmatyny işe girizer

  • 31.01.2025 11:48
  • 3.7k+

Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask geçen ýylyň ahyrynda kompaniýanyň 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde Tehasda we Kaliforniýada sürüjisiz awtopilot ulgamyny hödürläp başlajakdygyny aýdypdy. Şu günki maglumatlara görä, bu hyzmat ilkinji bolup Tehasyň Ostin şäherinde işe giriziler. Bu şäherde Tesla-nyň uly zawody we täze baş edarasy ýerleşýär diýip, The Verge neşiri habar berýär.

Tesla köplenç täze tehnologiýalary baş edarasynyň töwereklerinde synagdan geçirýär. Bu ýagdaý göz öňüne tutulanda, Tesla-nyň täze hyzmatyny ilkinji Ostin şäherinde işe girizmegi bilen arasyndaky baglanyşyk düşnükli bolup durýar.

«Tesla iýun aýynda Ostinde sürüjisiz awtopilot hyzmatyny tölegli esasda ýola goýar» diýip, Ilon Mask aýtdy.

Täze hyzmat müşderileriň hususy ulaglarynda däl-de, Tesla-nyň öz elektrikli ulaglarynda synagdan geçiriler. Bu ulaglar Ostinde sürüjisiz taksi hökmünde hyzmat eder. Kompaniýa mundan öň hem şeýle synaglary geçirendigini aýdypdy.
Bu hyzmat Kaliforniýada haçan elýeterli bolar diýlip soralanda, Mask takyk wagt aýtmady.

Ol: «Tesla şu ýylyň ahyryna çenli Kaliforniýada we ABŞ-nyň başga-da köp ýerlerinde sürüjisiz awtopilot ulgamyny (FSD) hödürläp başlar diýip pikir edýärin» diýip jogap berdi.

Tehasda bu hyzmat diňe Ostin şäherinde elýeterli bolar. Sebäbi doly awtopilotly ulaglaryň umumy ýollarda sürülmegi diýseň çylşyrymly we uzakdan gözegçiligi talap edýär.
Kompaniýa täze ulgamy ortaça bir sürüjiden has «ygtybarly» edýänçä, ony ähli müşderilere elýeterli etmejekdigini belläp geçdi.
ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy administrasiýasynyň (NHTSA) berýän maglumatlaryna görä, ortaça bir sürüji 1 million kilometrden gowrak ýoly heläkçiliksiz geçýär. Tesla-nyň awtopilot ulgamy bolsa häzirlikçe diňe 800 kilometre golaý ýoly heläkçiliksiz geçip bilýär. Bu görkeziji hakykat ýüzünde awtoheläkçilikleriň sany bilen däl-de, sürüjiniň dolandyryşy öz eline almalydygy bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin Tesla bu tehnologiýany häzir has-da kämilleşdirmeli.
Ilon Mask sekiz ýyl bäri doly awtopilot «geljek ýyl» taýyn bolar diýip wada berip gelýär. Görnüşi ýaly, täze ulgam häzirki wagtda hem çäklendirilen, onuň «ähli ýerlerde doly elýeterli» bolmagy üçin häzir köp wagt gerek.


şu gün 12:31
455

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.5k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
8.9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......