“Graf Monte-Kristo” filmi “Sezar” baýragy üçin iň köp nominasiýa hödürlenildi

  • 30.01.2025 23:25
  • 3.8k+

Fransuz kinoakademiýasy “Sezar” milli kino baýragyna dalaşgärleri yglan etdi. Şu ýyl nominasiýa sany boýunça öňdebaryjy Aleksandr Dýumanyň “Graf Monte-Kristo” romanynyň ekranlaşdyrylmasy boldy. Bu film 14 kategoriýada dalaşgär görkezildi diýip, Variety habar berýär.

Onuň ýakyn bäsdeşleri “Döwlen ýürekler” (13 nominasiýa) we “Emiliýa Peres” (12 nominasiýa) mýuziklleri boldy.
Kino sungatyna goşan goşandy üçin hormat baýragyny amerikaly aktrisa Juliýa Roberts alar.

Dalaşgärleriň sanawy:

  • ·Iň gowy film: “Nota boýunça doganlar” (Братья по нотам), “Graf Monte-Kristo” (Граф Монте-Кристо), “Süleýmanyň hekaýaty” (История Сулеймана), “Rehimdarlyk” (Милосердие), “Emiliýa Peres” (Эмилия Перес).
  • ·Iň gowy režissýorlyk: Alen Girodi (“Rehimdarlyk”), Aleksandr de La Patelýer we Matýo Delaport (“Graf Monte-Kristo”), Žil Leluş (“Döwlen ýürekler” / Разбитые сердца), Boris Ložkin (“Süleýmanyň hekaýaty”), Žak Odiar (“Emiliýa Peres”).
  • ·Iň gowy aktýor: Benžamen Lawern (“Nota boýunça doganlar”), Karim Leklu (“Jim barada roman” / Роман о Джиме), Pýer Nine (“Graf Monte-Kristo”), Tahar Rahim (“Mesýe Aznawur”) we Fransua Siwil (“Döwlen ýürekler”).
  • ·Iň gowy aktrisa: Elen Wensan (“Güýzde näme boldy” / Что случилось осенью), Karla Sofiýa Gaskon, Zoi Saldana (ikisi-de – “Emiliýa Peres”), Adel Ekzarkopulos (“Döwlen ýürekler”) we Afsia Erzi (“Borgo”).
  • ·Iň gowy daşary ýurt filmi: “Anora” (Анора), “Bähbit zolagy” (Зона интересов), “Mukaddes injiriň tohumy” (Семя священного инжира), “Substansiýa” (Субстанция), “Şägirt. Trampyň ýokary göterilmegi” (Ученик. Восхождение Трампа).
  • ·Iň gowy animasion film: “Ýabanylar” (Дикари), “Akym” (Поток), “Iň gymmatly ýük” (Самый ценный груз).

“Sezar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 28-nji fewralda geçiriler.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....