Elektromobil satuwy rekord goýmaga ýakyn: görkeziji 2025-nji ýylda 20 milliondan geçer

  • 30.01.2025 23:17
  • 3.3k+

Dünýäniň elektromobil bazary okgunly depginde ösmegini dowam etdirýär. Rho Motion gözleg kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, 2025-nji ýylda doly elektrik we birikdirilýän gibrid awtomobilleriň satuwy 17% ýokarlanyp, 20 million birlikden geçer. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.

Bu öňegidişlikde möhüm roly Hytaý ýerine ýetirer. Bu ýerde 2024-nji ýylda ösüş 40% boldy, satuw bolsa 11 mln awtoulaga ýetdi. 2025-nji ýylda ösüşiň çak edilýän 17%-den ýokary bolmagyna garaşylýar.
Hytaý elektromobilleri 80%-den gowrak bazar paýy bilen Latyn Amerikasynda agdyklyk etmegini dowam etdirýär. Olar Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde we ösýän bazarlarda hem giňden ýaýraýar.
Ýewropada satuwyň ösmegine 2025-nji ýyldan güýje girýän CO2 žyňyndylary boýunça düzgünleriň berkemegi täsir edýär. Bu öndürijileri täze talaplara uýgunlaşmaga iterýär. Bu ýerde geçen ýyl satylan 3 mln elektromobil bilen deňeşdirilende 15% ösüşiň bolmagyna garaşylýar.
ABŞ, tersine, näbellilik bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Donald Trampyň administrasiýasy elektrikleşdirmek maksatlaryna şübheli garaýar, bu hem bazar üçin uzak möhletleýin töwekgelçilikleri döredýär. Muňa garamazdan, 2025-nji ýylda elektromobil satuwynyň 16% ýokarlanmagyna garaşylýar.
Uzak möhletli geljekde Rho Motion 2040-njy ýyla çenli ABŞ-da elektromobil batareýalaryna bolan islegiň 47% peselmegine garaşýar.


24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......