Dünýäniň iň baý adamlarynyň baýlygy hytaý çat-boty sebäpli $108 mlrd azaldy

  • 29.01.2025 19:20
  • 12k+

27-nji ýanwarda dünýäniň iň baý 500 adamynyň umumy baýlygy tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalarynyň pese gaçmagy netijesinde 108 mlrd dollar azaldy. Munuň sebäbi Hytaýyň DeepSeek kompaniýasy tarapyndan döredilen DeepSeek-R1 çat-boty boldy diýip, Bloomberg habar berýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, Nvidia-nyň esaslandyryjysy Jensen Huang öz baýlygynyň 20%-ini ($20,1 mlrd) ýitirdi, indi ol 101 mlrd dollar diýlip hasaplanýar. Nvidia-nyň paýnamalary tas 18% pese gaçdy, kompaniýa bazar bahasyndan 600 mlrd dollar ýitirdi. Netijede, ol dünýäniň iň gymmat kompaniýasy bolmagyny bes etdi – indi Apple bilen Microsoft öňde.
Oracle-yň esaslandyryjylarynyň biri Larri Ellison 22,6 mlrd dollar ýitirdi, bu onuň baýlygynyň 12%-ine deňdir. Dell kompaniýasyny esaslandyryjy Maýk Dell 13 mlrd dollar, Binance-i esaslandyryjy Çanpen Çžao bolsa 12,1 mlrd dollar ýitirdi.
NASDAQ Composite indeksi 3,1%, S&P 500 1,5% pese gaçdy.


12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

31.05.2026 18:06
2.3k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....