Bir günde $600 mlrd sumat boldy: Nvidia ABŞ-nyň taryhynda iň uly pese gaçyşy başdan geçirdi

  • 29.01.2025 19:17
  • 7.2k+

Nvidia bir günde bazar bahasyndan, takmynan, 600 mlrd dollar ýitirdi. Bu ABŞ-nyň taryhynda bir günde bolan iň uly pese gaçyşdyr.

Çip öndürijisiniň paýnamalary 17% arzanlap, 118,58 dollar derejesinde ýapyldy. Bu kompaniýanyň 2020-nji ýylyň mart aýynda COVID-19 pandemiýasy başlanaly bäri iň erbet netijesidir. Nvidia-nyň ýitgisi Coca-Cola-nyň we Chevron-yň bazar bahasyndan, şeýle-de Oracle bilen Netflix-iň kapitalizasiýasyndan iki esse köpdür.
Şeýle pese gaçyşyň esasy sebäbi Hytaýyň DeepSeek kompaniýasy tarapyndan bäsdeşligiň güýçlenmegi boldy. Dekabr aýynda kompaniýa açyk başlangyç kod bilen mugt emeli aň modelini çykardy. Ol bu EA modelini 6 mln dollardan geçmeýän çykdajy bilen iki aýda döretdi we munuň üçin Nvidia H800s çibini ulandy.
Häzirki wagtda öňdebaryjy dünýä kompaniýalaryna EA modellerini okatmak üçin 16 müň töweregi çip gerek. DeepSeek-iň inženerleri bolsa sekiz esse az çip ulandy. Hut modelleri okatmak üçin zerur bolan hasaplaýyş çeşmeleriniň azalmagy amerikan gazna bazarynda howsala döretdi.
Häzire çenli EA ulgamyny diňe uly maýa goýumlary özüne çeken ägirt uly kompaniýalar we startaplar döredip bilýär diýlip hasaplanýardy. Ýöne DeepSeek şeýle netijeleri az çeşmeler we az çykdajylar bilen hem gazanyp boljakdygyny görkezdi. Bu hem maýadarlaryň ABŞ-da emeli aňyň ösüşine, aýratynam, EA modellerini döretmek üçin çipler bilen üpjün edýän Nvidia-nyň geljegine bolan ynamyny gowşatdy.
Analitikler DeepSeek tehnologiýalarynyň ösmeginiň hasaplaýyş we grafiki prosessor bazaryna howp salýandygyny belleýär. Bu wakalaryň esasynda uly mikroshema öndürijisi Broadcom hem duşenbe güni bazar bahasyndan 200 mlrd dollar ýitirdi, paýnamalar 17% pese gaçdy.
Maglumat merkezleri bilen meşgullanýan we öz enjamlaryny satmak üçin Nvidia prosessorlaryny ulanýan kompaniýalar hem uly arzanlama bilen ýüzbe-ýüz boldy. Dell, Hewlett Packard Enterprise, Super Micro Computer, Oracle hem arzanlady.
Ýitgisine garamazdan, Nvidia DeepSeek-iň üstünliklerine oňyn baha berip, EA döretmek üçin täze çemeleşmäniň öz önümleriniň ähmiýetini görkezýändigini belledi.
Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, işläp düzüjileriň pikirlenip bilýän emeli aň ulgamlaryny döretmegi Nvidia tarapyndan öndürilen has köp GPU-ny talap edýär. Şol sebäpli kompaniýa öz önümlerine bolan islegiň saklanjakdygyna ynanýar.


düýn 18:06
1.3k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

29.05.2026 00:36
2.1k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

20.05.2026 15:31
982

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......