«Keseki: Ýer» serialynyň täze tizer-treýleri çykdy

  • 29.01.2025 11:40
  • 3k+

FX «Keseki: Ýer» (Чужой: Земля) serialynyň täze tizer-treýlerini hödürledi. Täze serial şu ýylyň tomus aýlarynda görkezilip başlanar diýip, Space.com habar berýär.

Wakalar 2120-nji ýyllarda Ýerde bolup geçýär. Baş gahryman hökmünde bir çaganyň aňyna we bir gyzyň bedenine eýe Wendi atly gibrid meta-adam çykyş edýär. Tälimçi Kirş, Wendini ksenomorflar (özge planetaly jandarlar) bilen boljak söweşe taýýarlaýar.
Serialyň awtory Noa Houli bolup durýar. Keşpleri Sidni Çandler, Timoti Olifant, Aleks Louter, Essi Dewis we beýleki artistler ýerine ýetirýär. Ilkinji «Keseki» (Чужой) filminiň döredijisi Ridli Skott bu serialyň prodýuseri hökmünde çykyş edýär.
Iň soňky «Keseki» filmi bolan «Romul» (Чужой: Ромул) 2024-nji ýylyň awgust aýynda prokata çykyp, dünýä boýunça 350 million dollar girdeji gazanypdy. Şeýle hem ol iň gowy wizual effektler boýunça «Oskar» baýragyna dalaşgär görkezilipdi. Disney we 20th Century Studios häzirki wagtda bu taslamanyň dowamynyň üstünde işleýär.


düýn 23:58
1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
10k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 08:26
6k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....