56 dollardan, islendik adamyň golýazmasyny bolşy ýaly göçürip bilýän robot döredildi

  • 29.01.2025 11:17
  • 4.9k+

Elde ýazylan hatlaryň özboluşly gözelligi bar, olarda tekstiň indiwidual häsiýeti we awtoryň el yzynyň duýgulary beýan edilýär. Her bir adamyň deňsiz-taýsyz ýazuwy, onuň şahsy hem-de hünär durmuşynda gymmatly hasaplanýar. Emma emeli aňly robotlar indi bu ugra-da aralaşdylar.

ABŞ-da ýerleşýän App-In Club atly halkara talyplaryň täjirçilik däl guramasynyň barlagçylary adamlaryň ýazuwyny göçürip bilýän robotlaşdyrylan ulgamy işläp düzdüler. Enjamyň bahasy bary-ýogy 56 dollar.
Kiçi göwrümli hem arzan bahaly bu robot hatlaryň, hukuk resminamalarynyň hem-de döredijilik mazmunly tekst wizualizasiýalarynyň awtomatlaşdyrylmagy üçin niýetlenendir.
Konstruksiýanyň esasy bölegi Raspberry Pi platformasy, Pi Pico mikrokontrolleri we 3D çap tehnologiýasy bolup durýar. Ulgam, teksti hereketlere öwürmek üçin emeli aňy ulanýar, şonuň netijesinde ol ýazuwy göçürip bilýär.
Bular ýaly enjamlar öňden hem bar, emma olar has uly we bahalary azyndan 150 dollardan başlaýar.
Barlaglaryň netijelerine görä, enjamyň takyklygy bir setirde ±0,3 millimetre barabar, ýazuw tizligi bolsa minutda 200 millimetre ýetýär. Geljekde alymlar bu roboty bilim ulgamynda ulanmak, mysal üçin, adamlara kalligrafiýa sungatyny öwretmek üçin kämilleşdirmegi meýilleşdirýärler.
Bu täzelikçi ulgam barada arXiv preprint serwerinde beýan edildi.


31.05.2026 22:44
4.4k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.6k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....

16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

10.05.2026 11:51
8k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......