Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini Bahar baýramy bilen gutlady

  • 29.01.2025 10:04
  • 4.2k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Gadymy döwürlerden bäri halkyň ruhy taýdan kämilleşmegine we jebisleşmegine ýardam bermek bilen, Bahar baýramy parahat hem-de abadan durmuşda ýaşamaga bolan ýagşy islegleri özünde jemleýär” diýip, Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belleýär.

Döwlet Baştutany häzirki wagtda türkmen-hytaý döwletara hyzmatdaşlygynyň strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini nygtap, bar bolan uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek arkaly Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklary iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.
Hytaý Täze ýyly sözme söz terjime edilende Bahar baýramy diýmegi aňladýar. Bu baýramçylyk irki döwürlerden bäri Hytaýda we beýleki Gündogar Aziýa ýurtlarynda iň esasy hem iň dowamly baýramçylyk hasaplanýar. Baýramçylyk 21-nji ýanwardan 20-nji fewral aralygyndaky seneleriň birine gabat gelýär.


20.06.2026 11:41
3.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......