“Mançester Ýunaýted” Habib we Usman Nurmagomedowlara atly köýnekçeleri sowgat etdi

  • 28.01.2025 23:47
  • 12k+

Garyşyk stiliň belli russiýaly söweşijileri Habib we Usman Nurmagomedowlar Abu-Dabide (BAE) geçirilen PFL ýaryşyndan soň Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” futbol klubundan atly köýnekçeleri sowgat aldy. Şeýle köýnekçe ýeňilmezek russiýaly söweşiji Ibragim Ibragimowa hem sowgat berildi.

“Habibiň goldaw bermeginde Ibragim Ibragimowyň we Usman Nurmagomedowyň dueti üçin üstünlikli dynç güni” – diýip, “Mançester Ýunaýted” sosial ulgamlardaky resmi akkauntynda ýazdy we söweşijileriň köýnekçeli suratlaryny ýerleşdirdi.

Köýnekçelerdäki belgiler olaryň professional karýeralarynda gazanan ýeňişleriniň sanyny görkezýär.
Ýatlap geçsek, geçenki PFL ýaryşynda Usman Nurmagomedow irlandiýaly Pol Hýuza garşy söweşdi. Bäş raund dowam eden söweşiň netijesinde Usman emin agzalarynyň tapawutly karary bilen ýeňiş gazanyp, ýeňil agramda (70 kg çenli) çempion titulyny gorady.
Ýarym ýeňil diwizionda (65 kg çenli) çykyş edýän Ibragim Ibragimow irlandiýaly Kenni Mohonoanadan üstün çykdy.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......