Google galp teswirlere garşy göreş çärelerini güýçlendirmäge mejbur edildi

  • 28.01.2025 17:46
  • 4k+

Britaniýanyň monopoliýa garşy düzgünleşdirijisi Google-yň galp teswirlere garşy göreşi güýçlendirmek hakynda şertnama baglaşmagyny gazandy. Kompaniýa sarp edijileri we dogruçyl işewürligi goramak üçin birnäçe çäreleri görmäge borçlandy.

Bäsdeşlik we bazarlar guramasy (CMA) galp onlaýn teswirler boýunça 2020-nji ýylda başlanan derňewi tamamlady. CMA Google-yň we Amazon-yň öz platformalarynda galp teswirlere garşy göreşmek boýunça ýeterlik iş edip-etmeýändigini derňedi.

Netijede, düzgünleşdiriji Google-dan emeli ýa-da ýalan synlara garşy göreşmek üçin “berk çäreleri” görmegi talap etdi. Kompaniýa Google-dan we Google Maps-den şeýle teswirleri aýyrmaly we munuň arkasynda duran adamlara täzelerini goýmagy gadagan etmeli.

Şeýle hem, kompaniýa meseleli akkauntlaryň "şübheli işjeňligi" barada duýduryş iberer. Şeýle hem şertnama Google-y üç ýylyň dowamynda edilen işler barada CMA-a hasabat bermäge borçly edýär.

Indi Google emeli aňy we ulanyjylaryň habarlaryny ulanmak arkaly, galp teswirleri kesgitlemegi meýilleşdirýär.

CMA-nyň maglumatlaryna görä, teswirler onlaýn söwda uly täsir edýär, şeýle çykdajylaryň mukdary 23 milliard dollara ýetýär. CMA-nyň ýolbaşçysy Sara Kardel galp teswirleriň sarp edijileriň ynamyna we adalatly bäsdeşlige zyýan ýetirýändigini aýtdy.

Galp teswirlere garşy şuňa meňzeş çäreler ABŞ-da hem görülýär. Federal Söwda Komissiýasy (FTC) seslenmeler bilen bagly galplyklaryň käbir görnüşlerini gadagan edýän täze düzgünleri girizdi, düzgün bozmalar üçin 50 000 dollar möçberinde jerime bellendi.

CMA-nyň Amazon babatdaky derňewi dowam edýär.


22.06.2026 16:15
4.1k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

22.05.2026 14:19
2.1k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 18:54
6k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....