-30ºC-dan 75ºC-a çenli: Google smartfonlarynyň berkligini nädip barlaýandygyny aýtdy

  • 28.01.2025 13:44
  • 5.3k+

Google kompaniýasy Pixel 9 smartfonlarynyň öňki nesil Pixel 8-e garanyňda nädip iki esse berk bolandygyny hem-de olaryň berklik synaglaryndan nähili geçirilýändigini aýdyp berdi. Bu barada kompaniýanyň resmi blog sahypasynda neşir edildi.

«Ulanyjylaryň telefonlaryna ýaramaz bir zat bolanda [mysal üçin, ellerinden gaçanda], şol bir durkunda saklanyp galandygyny görüp geň galmagy bizi begendirýär. Telefony eline alanlarynda döwük ekran ýa-da işlemeýän kamera bilen ýüzbe-ýüz bolmadyk pursatlary – ine, hakyky şatlyk şudur» diýip, Google öz resmi blog sahypasynda ýazýar.

Google geçirilýän synaglarda telefonlary yzygiderli pes beýiklikden taşlaýandyklaryny, olary güýç bilen ýaýkaýandyklaryny we yzygiderli birnäçe gezek rýukzakdan çykaryp, yzyna goýýandyklaryny aýtdy.
Temperatura bilen baglanyşykly synaglar bolsa, «enjamyň -30ºC-den +75ºC aralygyndaky temperaturada dargaman saklanyp bilýändigini» kesgitlemek üçin geçirilýär. Şeýle synaglar hakyky ýagdaýlary hem öz içine alýar. Mysal üçin, «ulanyjy öz telefonyny tomusda tötänleýin Günüň şöhlesiniň astynda goýup gidip bilýär». Smartfonlar birden üýtgeýän temperatura şertlerinde hem barlanýar. Munuň maksady, «ýyly öýden çykyp, gyşyň sowuk howasyna girilende telefonda bolup biljek ýagdaýlary» öwrenmekdir.


07.04.2026 10:40
1.9k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.6k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....

27.03.2026 17:36
6.7k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......

23.03.2026 16:40
2k+

Google ulanyjynyň gylyk-endiklerini öwrenýän emeli aňy mugt etdi

Google kompaniýasy ozal «Google AI» tarifleriniň çäginde işleýän «Personal Intelligence» funksiýasynyň indi ähli ulanyjylar üçin mugt boljakdygyny yglan etdi. Täze mümkinçilik Gemini ekoulgamyna birikdiriler, şeýle hem Google Chrome brauzeriniň web-wersiýasynda we «AI Mode» tertibinde goýlar...