“Godzilla vs. Kong” franşizasynyň indiki filmi barada maglumatlar peýda boldy

  • 28.01.2025 13:27
  • 5.2k+

Geçen ýyl çykan “Godzilla we Kong: Täze imperiýa” filminiň üstünliginden soň, Legendary studiýasy “Nägehanlar äleminde” Godzilla bilen Kong üçin täze başdangeçirmeleri taýýarlaýar. Ýöne filmiň resmi ady heniz belli däl diýip, Deadline habar berýär.

Soňky maglumatlara görä, franşizanyň üçünji filminiň režissýory Grant Sputore bolar. Rollaryň birini “Bizden soňkular” (The Last of Us) serialynyň ikinji möwsüminde-de peýda boljak Keýtlin Dewer ýerine ýetirer. Habar berlişi ýaly, täze lentada diňe bir Godzilla bilen Kong däl, eýsem başga bir titanlar hem peýda bolar. Ýöne bu gezek filmi döredijiler adamlaryň we ägirt nägehanlaryň hereketlerini deňagramlaşdyrmak üçin adam personažlaryna aýratyn üns bermegi meýilleşdirýär.
Kong bilen baglanyşykly öňki filmlerde adamlara düýpli orun berilmeýärdi. Ýöne prikwel we sikwel bolan Apple-iň “Monarh” serialy nägehanlaryň hereketleri bilen bir hatarda adamlaryň hem gatnaşmagynda gyzykly wakalary döredip boljakdygyny görkezdi. Täze film bu tendensiýany dowam etdirip, tomaşaçylara hem adamlar, hem nägehanlar barada täsirli wakany hödürlemegi wada berýär.  


düýn 11:31
1.8k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....