Eýranda taryhy jaýlaryň aşagynda ýerasty şäher tapyldy

  • 28.01.2025 13:16
  • 12k+

Eýranyň merkezi bölegindäki Ýezd welaýatynyň gadymy Abarkuh şäherinde ýerleşýän bäş sany taryhy jaýyň aşagyndan geň galdyryjy «ýerasty şäher» tapyldy diýip, Tehran Times neşiri habar berýär.

Abarkuh Ýezd şäheriniň günorta-günbatarynda, takmynan 140 kilometr uzaklykda ýerleşýän gadymy şäherdir. Şiraz, Ýezd we Isfahan şäherleriniň emele getirýän «altyn üçburçlugynyň» bir böleginde ýerleşýän bu şäher taryhy we medeni taýdan örän möhümdir. Strategiki ýerleşişi sebäpli, Abarkuh gadym wagtlardan bäri möhüm ilatly nokatlaryň biri bolupdyr.
Tapyndy barada Abarkuhyň häkimi Hosseýn Hatami habar berdi. Onuň pikirine görä, «ýerasty şäher» gündelik durmuşy ýeňilleşdirmek, halkyň howpsuzlygyny üpjün etmek, suwy akdyryp ulanmak we ýeňil gatnaw üçin döredilipdir.
Hatami, Abarkuhdaky beýleki taryhy jaýlaryň aşagynda hem kiçiräk daş oýulan otaglaryň bardygyny we olaryň şol döwürlerde möhüm maksatlar üçin ulanylandygyny aýtdy. Bu tapyndylar bilen bagly gözlegler we ylmy barlaglar dowam etdirilip, netijede bu ýerasty ýaşaýyş zolagy ýüze çykaryldy.
Bu «ýerasty şäherde» diýseň ussatlyk bilen gurnalan, daşdan oýulan suw ýollary (akweduklar), ýagny jarlar tapyldy. Bu jarlaryň şäheriň suw üpjünçiliginde möhüm rol oýnandygy çaklanylýar. Häkim Hatami bu suw ýollarynyň gurluşygynda ulanylan daşlaryň, sebitiň Gajarlar döwrüne degişli jaýlarynda ulanylan daşlara meňzeşdigini belläp geçdi. Gajarlar şol döwürde, häzirki Azerbaýjanyň we Eýranyň bir bölegini öz içine alýan sebitde ýaşap geçen türkmen tiresi bolupdyr.
Hatami, ozal bu jarlarda akan suwuň tomus paslynda «ýerasty şäheriň» temperaturasyny belli bir derejede saklandygyny, adamlaryň zerur wagty bu ýere sygynandyklaryny aýtdy. Şeýle-de bu ýerasty toplumyň uruş döwründe ýa-da basybalyjylar gelende ilata gizlenmek üçin şert döredendigi hem bellenilip geçilýär.
Tapylan ýerasty gurluşlar, gadymy adamlaryň gurluşyk tejribeleri, olaryň suwy dolandyryşy we gündelik durmuşlary barada gymmatly maglumatlary berýär. Häzirki wagtda hem gözleg işleri dowam edýär we Abarkuhdan başga-da ýerasty desgalaryň tapylmagyna garaşylýar.


düýn 12:00
3.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......