Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

  • 28.01.2025 12:29
  • 8.8k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Türkmenistan däp bolan deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Siziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda Belarus Respublikasynyň uly üstünlikleri gazanjakdygyna, döwletara gatnaşyklarymyzyň bolsa hil taýdan täze derejä çykjakdygyna berk ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti hatynda belleýär.

Döwlet Baştutany şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, Belarus Respublikasynyň ähli halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň, gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Belarus Respublikasynda Prezident saýlawlary 26-njy ýanwarda geçirildi. Lukaşenkodan başga-da oňa dört dalaşgär gatnaşdy. Aleksandr Lukaşenko ilkinji gezek 1994-nji ýylyň iýul aýynda Belarusyň Prezidenti saýlanypdy.


şu gün 22:17
120

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

şu gün 19:20
1.9k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

şu gün 14:16
2.9k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....